Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

M.Modyýewe «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

M.Modyýewe «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

M.Modyýewe «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly

ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001 ý., № 6, 326-njy madda)

Garaşsyz bitarap Türkmenistanyň milli medeniýetini we aýdym-saz sungatyny ösdürmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllap çeken halal zähmetini, şeýle hem ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygyny we ata Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 10 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda gazanan ajaýyp üstünliklerini göz öňünde tutup, Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň medeniýet bölüminiň müdiri, aýdymçy Mämmetberdi Modyýewe «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2001-nji ýylyň 7-nji iýuny

№ PP-3409