L.H.Mämmedowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
L.H.Mämmedowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti»
diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001 ý., № 5, 296-njy madda)
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň aýdym-saz sungatyny we milli medeniýetini ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary hem-de ýokary ýerine ýetirjilik ussatlygy üçin Aşgabat şäher häkimliginiň medeniýet müdirliginiň aýdym-saz toparynyň aýdymçysy Laçynbibi Hudaýnazarowna Mämmedowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2001-nji ýylyň 23-nji maýy
№ PP-3402