Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

I.Ö.Aşyrowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

I.Ö.Aşyrowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

I.Ö.Aşyrowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001 ý., № 5, 297-nji madda)

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň milli medeniýetini, sungatyny ösdürmäge goşýan goşandy hem-de Türkmen telewideniýesinde Altyn asyrymyzyň altyn nesillerini ruhubelentlik, watan söýüjilik, halallyk ruhunda terbiýeleýän gepleşikler toplumyny ýokary hilli taýýarlandygy we täsirli alyp barýandygy üçin Türkmenistanyň «Ýaşlyk» telewizion kanalynyň «Ýaşlyk» bölüminiň redaktory Ilmyrat Öwlýägulyýewiç Aşyrowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2001-nji ýylyň 23-nji maýy

№ PP-3403