H.Amangeldiýewe «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
H.Amangeldiýewe «Türkmenistanyň halk artisti» diýen
hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001 ý., № 5, 294-nji madda)
Garaşsyz bitarap Türkmenistan döwletimiziň milli medeniýetini we sungatyny ösdürmäge goşan şahsy goşandy, türkmen halkymyzyň altyn asyrynyň altyn nesillerinde Ata Watanymyza, onuň beýik garaşsyzlygyna, ajaýyp aýdym-saz sungatymyza söýgi döretmekde, olary ýokary adamkärçilik ruhunda terbiýelemekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, Aşgabat şäheriniň çagalar we ýetginjekler köşgüniň ýolbaşçysy Hudaýnazar Amangeldiýewe «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2001-nji ýylyň 23-nji maýy
№ PP-3400