Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001 ý., № 2, 109-njy madda)

Hemişelik bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda, ýaşlary Watany söýmek ruhunda terbiýelemekde bitiren hyzmatlary, ýurdumyzda durnuklylygy, halkymyzyň jebisligini we bütewiligini üpjün etmäge goşan goşandy, türkmen halkynyň altyn asyrynda bitirýän asylly zähmetleri üçin, şeýle hem türkmen halkynyň arasynda uly abraýyny nazara alyp:

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory Akmyrat Babaýewe,

Türkmenistanyň uruş weteranlarynyň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky guramasynyň Ahal welaýatynyň Gäwers etrabyndaky geňeşiniň başlygynyň orunbasary Nepes Kakabaýewiç Çakanowa,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň «Almalyk» daýhan birleşiginiň başlygy Uzak Jumabaýewe,

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Berdimämmet Şirmämmedowa,

Türkmenistanyň uruş weteranlarynyň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky geňeşiniň başlygy Agaly Çaryýewe,

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ýolötendäki Pagtaçylyk ylmy-barlag institutynyň direktory Seýitberdi Gurbangeldiýewe Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2001-nji ýylyň 5-nji fewraly

№ PP-3336