Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmen Döwlet neşirýat gullugyny döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmen Döwlet neşirýat gullugyny döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmen Döwlet neşirýat gullugyny döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001ý., № 1, 39-njy madda)

Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň altyn asyrynda ýurdumyzda neşirýat, çaphana işlerini kämilleşdirmek, şeýle hem halkymyzy köp reňkli ýokary hilli çap edilen önümler bilen üpjün etmek maksadyna eýerip, karar edýärin:

1. Türkmen Döwlet neşirýat gullugyny döredip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Metbugat işleri baradaky müdiriýeti ýapmaly.

2. «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Metbugat işleri baradaky müdiriýeti döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1999-njy ýylyň 10-njy martynda çykaran № 2801 Permanyny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2001-nji ýylyň 16-njy ýanwary

№ PP-3328