S. Babaýewe Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
S. Babaýewe Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady
dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2018-nji ýyl, № 1, 525-nji madda)
Berkarar döwletimiziň gazanýan üstünliklerinde, mähriban halkymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, ösüp gelýän nesillerimize milli däp-dessurlarymyza laýyklykda terbiýe bermekde ýaşuly nesliň hyzmaty örän uludyr. Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli möhüm meseleleri maslahatlaşyp-geňeşip çözmäge, ata Watanymyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmelere parasatly ýaşulularymyz işjeň gatnaşýarlar. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny düşündirmekde hem hormatly ýaşulularymyz uly hyzmatlary bitirýärler.
Şoňa görä-de, ýaşuly nesliň ösýän we özgerýän jemgyýetimizdäki ornuna, ýaşlary watançy, zähmetsöýer, halal, päk ahlakly we ynsanperwer adamlar edip ýetişdirmekde bitirýän hyzmatlaryna döwletimiz ýokary baha berýär.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändigini hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezýändigini nazara alyp, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Saragt Babaýewe Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2018-nji ýylyň 01-nji ýanwary
№ PP-263