Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Täze ýyl baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Täze ýyl baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Täze ýyl baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2016-njy ýyl, № 11-12, 4290-njy madda)

Yurdumyzyň ilatynyň Täze ýyl baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, karar edýärin:

1.2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky dynç gününi 2-nji ýanwara - duşenbe gününe geçirmeli.

2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 26-njy dekabry.

№ PP-7110