Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2016-njy ýyl, № 10, 4273-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyny uly dabaralara besläp, buýsandyryjy netijeleri gazanmak bilen garşylaýar. Çärýek asyryň dowamynda eziz Diýarymyzda asyrlara ýaň saljak beýik işler bitirildi. Bitarap döwletimiz dünýäde ýokary depginler bilen ösýän, öz halkynyň abadan, bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşamagyny gazanan ýurtlaryň hatarynda ynamly öňe barýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda berkarar Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetildi. Demokratik, hukuk we dünýewi döwleti ösdürmekde, raýat jemgyýetini kämilleşdirmekde, Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny ýokarlandyrmakda, Ýer ýüzüniň ýurtlarydyr halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekde we berkitmekde buýsandyryjy netijeler gazanyldy.

Garaşsyz Türkmenistany ýokary depginler bilen ösdürmekde, kabul edilen milli we döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmakda, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda, Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraýyny has-da belende götermekde ýurdumyzyň her bir raýatynyň uly goşandy bardyr. Şoňa görä-de, berkarar döwletimiziň ýokary sepgitlere ýetmegine önjeýli goşant goşýan watandaşlarymyzyň ählisi uly hormat-sylaga mynasypdyr.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň senagat, nebitgaz, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, oba we suw hojalyk pudaklaryny hem-de beýleki pudaklaryny yzygiderli ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, maliýe we ykdysady işiň derejesini kämilleşdirmekde, önümçiligiň netijeliligini, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmakda, önümiň täze görnüşlerini işläp taýýarlamakda, has täze tehnikalary, tehnologiýalary, öňdebaryjy usullary we tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmakda, ýolagçylara hyzmat etmegiň derejesini gowulandyrmakda, aragatnaşyk serişdeleri we gulluklary bilen edilýän hyzmatlaryň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmekde, ilatyň saglygyny goramakda, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandyklary, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna, ylmyň we tehnikanyň, edebiýatyň, medeniýetiň we sungatyň, bedenterbiýäniň hem-de sportuň, bilim, saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary ulgamynyň çalt depginler bilen ösmegine, ýaşlary ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak we wepalylyk, mertlik hem-de halallyk ruhunda terbiýelemäge, Ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly we göreldeli zähmetini, gazanan ýokary netijelerini we hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen:

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy Süleýman Süleýmanowy;

Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen:

Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň Ahal welaýatynyň Baş maliýe müdirliginiň baş hünärmeni Gurbangylyç Çillaýewi,

Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň Ösümlikleri goramak gullugynyň başlygy Meret Taýmanowiç Geldiýewi,

Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň Ösümlikler boýunça döwlet karantin gullugynyň başlygy Rüstem Setdarowy,

Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň Lebap welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Birata etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň direktory Dädebaý Salyhowiç Garaýewi,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň S. A. Nyýazow adyndaky ahalteke athanasynyň direktorynyň orunbasary Halykmyrat Myradowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Senagat demir ýol ulaglarynyň döwlet kärhanasynyň Abadan demir ýol önümçilik böleginiň Gatnaw bölüminiň başlygy Baýmyrat Bekgiýewiç Hudaýberdiýewi,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Demir ýoluň Türkmenabat böleginiň birleşdirilen hojalygynyň başlygynyň otlularyň hereket howpsuzlygy boýunça orunbasary Komunar Döwranowiç Jumakowy,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Lebap welaýatynyň döwlet arhiwiniň direktorynyň orunbasary Batyr Ibragimowiç Halmyradowy,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Bedenterbiýe kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, uly mugallymy Hojanepes Koşçanowy,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Çyzuw we materiallaryň garşylygý kafedrasynyň uly mugallymy Baýmämmet Aşyrowy,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap hassahanasynyň baş lukmany Aşyrgylyç Meretgylyjowy,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Hajymyrat Italmazowiç Nobatowy,

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň esasy hünärmeni Nadežda Sergeýewna Wasilýewany,

«Esger» gazetiniň bölüm redaktory Baýmuhammet Japarowy,

«Türkmenistan» gazetiniň bölüm redaktory Parahat Haýritdinowna Çerkezowany;

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen:

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň kätibi Amangeldi Gandymowy,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň Hasaplaýyş-dolandyryş bölüminiň başlygy - baş hasapçysy Nurjemal Arnagulyýewna Berdiýewany,

Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň Barlag-derňew müdirliginiň Aşgabat şäheri boýunça Barlag-derňew bölüminiň Býujet guramalarynyň barlag-derňew kiçi bölüminiň başlygy Nurgeldi Allaberdiýewi,

Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň Barlag-derňew müdirliginiň Pudakiçki barlag bölüminiň baş derňewçisi Ata Muhammedowy,

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gatnaşyklary we zähmet şertleri müdirliginiň başlygy Geldimämmet Orazmämmedowy,

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Statistiki sanawlar we toparlamalar müdirliginiň başlygynyň orunbasary Aýjan Ureýewna Ylýasowany,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Gazhimiýa toplumlaryny gurmak boýunça» direksiýasynyň kebşirleýjisi Merdan Arçamuradowiç Çerkezowy,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň işçisi Ýagşymyrat Kakabaýewiç Sähedowy,

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Ahalnebitgazgözleg» müdirliginiň sürüjisi Aşyrmuhammet Meretdurdyýewiç Godorowy,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň operatory Isagylyç Babagylyjowy,

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Gözegçilik-ölçeg enjamlary we awtomatika 11-nji önümhanasynyň işçisi Gudrat Safarowiç Sadykowy,

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň seljeriş we täze tehnologiýalar müdirliginiň baş hünärmeni Annaberdi Täşliýewiç Gurbanowy,

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler we ýarmarkalar bölüminiň baş hünärmeni Batyr Baýmuhammedowiç Annamuhammedowy,

Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň «Aşgabatçörek» önümçilik birleşiginiň 2-nji çörek kärhanasynyň çörek bişirijisi Nurnabat Gandymowany,

Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň Daşoguz welaýat oba we hojalyk önümçilik birleşiginiň Gubadag etrap pagta arassalaýjy kärhanasynyň ussasy Sapar Agylowiç Begçäýewi,

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Baş döwlet seljeriş müdirliginiň 5-nji toplumlaýyn seljeriş bölüminiň baş hünärmeni Azat Aşyrowiç Nurullaýewi,

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň başlygynyň orunbasary Çarymyrat Hywallyýewiç Purçekowy,

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň Aşgabat şäher Arassalaýyş we abadanlaşdyryş birleşiginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Myrat Haýytjanowiç Erkäýewi,

«Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň Lebap welaýat Awtomobil ýollary ulanyş müdirliginiň sürüjisi Baltakuly Dilekowy,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Baharly etrabyndaky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýüplük fabriginiň işçisi Annamuhammet Orazniýazowy,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmengala etrabyndaky Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky pagta egirme fabriginiň operatory Sapormyrat Annamuhammedowiç Saparowy,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Oguljemal Orazdurdyýewna Orazsähedowany,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Mehanika we energetika bölüminiň başlygy Agajan Jumaýewiç Hemraýewi,

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň «Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşiginiň Daşoguz şäherindäki ýolagçy awtoulaglar garažynyň abatlaýyş işgäri Gammar Abdyrasulowy,

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmentelekom» döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň «Daşoguztelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň Köneürgenç etrap elektrik aragatnaşyk ulgamynyň hünärmeni Gadambaý Bazarowiç Saryýewi,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Ýol maşyn kärhanasynyň (Serdar şäheri) ýol ussasy Şanur Amandurdyýewiç Alaşowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Wagon abatlaýyş zawodynyň (Serdar şäheri) işçisi Baýram Weliýewiç Taýewi,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Serhetabat ýol we desgalar edarasynyň ýol ussasy Akmämmet Gurtgeldiýewiç Sähetowy,

«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň Ilki başlangyç taýýarlyk bölüminiň terbiýeçilik işleri boýunça mugallymy Annanur Meredowiç Kulyýewi,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Ykdysady-gumanitar dersleri kafedrasynyň uly mugallymy Amangeldi Baýgeldiýewi,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýokary matematika kafedrasynyň dosenti Baýram Pirjanowy,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 18-nji orta mekdebiniň mugallymy Güljemal Öräýewna Geldiýewany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky 4-nji orta mekdebiniň müdiri Alma Atajumaýewany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäherindäki ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň mugallymy Tagandurdy Akmyradowy,

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň tälimçi-mugallymy Ahmet Rahymowiç Altyýewi,

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň tälimçi-mugallymy Omar Gaýypnazarowiç Muhammetnazarowy,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmenistanyň lukmançylygy» žurnalynyň baş redaktory Güljemal Öwezgeldiýewna Annabaýewany,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Saglyk» žurnalynyň baş redaktory Maral Italmazowna Allaberenowany,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň baş hasapçysy Anna Wladimirowna Boçkarewany,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher hassahanasynyň 2-nji hirurgiýa bölüminiň müdiri Jumamämmet Nyýazowy,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap hassahanasynyň Inçekesel bölüminiň müdiri Maral Soltanowna Annamedowany,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Begmyrat Ýagşimyradowiç

Turkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Gistologiýa, endriologiýa we sitologiýa kafedrasynyň müdiri Baýram Berdiýewiç Kerbabaýewi,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygynyň orunbasary, Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy Sapar Hojabaýewiç Ataberdiýewi,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Medeniýet sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy Ene Amanowna Mämmedowany,

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Balkan welaýat bölaminiň tälimçisi Azatgül Ataberdiýewna Garahanowany,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň Rejeleýiş we abat saklaýyş barlaghanasynyň müdiri Alma Süleýmanlyny,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň Şowhun bölüminiň redaktory Ogultuwak Orazmämmedowna Altyýewany,

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň režissýory Amanmuhammet Baýrammämmedowiç Täçmämmedowy,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «Türkmenkitap» lomaý-bölek birleşiginiň başlygy Babanazar Hudaýnazarowiç Şükürowy,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň direktory Gunça Muhammedowany,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Balkan welaýat çaphanasynyň başlygy Jumadurdy Rüstemowiç Hojamowy,

«Adalat» gazetiniň bölüm redaktory Käkilik Meredowna Garajaýewany,

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň häkimliginiň Senagat, gurluşyk, arhitektura bölüminiň müdiri Annageldi Garlyýewi,

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Garawekil geňeşliginiň Geňeşiniň arçyny Bäşimgeldi Hakberdiýewi,

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň S. A. Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň topar ýolbaşçysy Didar Annamuhammedowiç Orusowy,

Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr geňeşliginiň Geňeşiniň arçyny Tapby Mämmedowy,

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Rejepgeldi Gulamowy,

Lebap welaýatynyň häkimliginiň Işgärler, geňeşlikler we häkimligiň edaralarynyň işlerini utgaşdyryjy bölüminiň müdiri Narmamet Rahmanowiç Babaýewi,

Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň häkimliginiň Oba hojalygynda özgertmeler we döwrebap usullary ornaşdyrmak bölüminiň baş hünärmeni Babaguly Çaryýewiç Rejepowy,

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň «Ärsary baba» daýhan birleşiginiň başlygy Jora Durdyýewiç Jomartowy,

Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Jemal Satlykowna Jumabaýewany,

Mary welaýatynyň Mary şäheriniň häkimliginiň «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň müdiri Güljahan Amanmyradowna Çarykulyýewany,

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň «Täze durmuş» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Baýramgül Öwezekowany;

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly:

«Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň eserlerini taýýarlamak we neşir etmek bölüminiň müdiri Aleksandr Aleksandrowiç Ýeskowa,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Täze tehnologiýalar we innowasiýalar bölüminiň başlygy Orazdurdy Çaryýewe;

«Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri»

diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Awtoulag hojalygynyň awtoulag abatlaýjy ussasy Gurbanberdi Mämekiýewe,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Ýol maşyn kärhanasynyň (Serdar şäheri) baş inženeri Parahat Aşyrgulyýewiç Garaýewe;

«Türkmenistanyň at gazanan aragatnaşyk

işgäri» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmentelekom» döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň «Marytelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň hünärmeni Kümüşgözel Berdimuhammedowna Hojanyýazowa;

«Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş

işgäri» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Şikesleri bejeriş halkara merkeziniň Neýrohirurgiýa bölüminiň müdiri Annaguly Açyldurdyýewe;

«Türkmenistanyň at gazanan ykdysatçysy»

diýen hormatly ady:

«Senagat» paýdarlar-täjirçilik bankynyň Karz amallary müdirliginiň baş hünärmeni Batyr Orazowiç Artykowa.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 21-nji oktýabry.

№ PP-7085