Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2016 ý. № 8-9, 4246-njy madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyny uly dabaralara besläp, buýsandyryjy netijeleri gazanmak bilen garşylaýar. Çärýek asyryň dowamynda eziz Diýarymyzda asyrlara ýaň saljak beýik işler bitirildi. Bitarap döwletimiz dünýäde ýokary depginler bilen ösýän, öz halkynyň abadan, bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşamagyny gazanan ýurtlaryň hatarynda ynamly öňe barýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda berkarar Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetildi. Demokratik, hukuk we dünýewi döwleti ösdürmekde, raýat jemgyýetini kämilleşdirmekde, Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny ýokarlandyrmakda, Ýer ýüzüniň ýurtlarydyr halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekde we berkitmekde buýsandyryjy netijeler gazanyldy.

Garaşsyz Türkmenistany ýokary depginler bilen ösdürmekde, kabul edilen milli we döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmakda, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda, Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraýyny has-da belende götermekde ýurdumyzyň her bir raýatynyň uly goşandy bardyr. Şoňa görä-de, berkarar döwletimiziň ýokary sepgitlere ýetmegine önjeýli goşant goşýan watandaşlarymyzyň ählisi uly hormat-sylaga mynasypdyr.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň senagat, nebitgaz, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, oba we suw hojalyk pudaklaryny hem-de beýleki pudaklaryny yzygiderli ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, maliýe we ykdysady işiň derejesini kämilleşdirmekde, önümçiligiň netijeliligini, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmakda, önümiň täze görnüşlerini işläp taýýarlamakda, has täze tehnikalary, tehnologiýalary, öňdebaryjy usullary we tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmakda, ýolagçylara hyzmat etmegiň derejesini gowulandyrmakda, aragatnaşyk serişdeleri we gulluklary bilen edilýän hyzmatlaryň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmekde, ilatyň saglygyny goramakda, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandyklary, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna, ylmyň we tehnikanyň, edebiýatyň, medeniýetiň we sungatyň, bedenterbiýäniň hem-de sportuň, bilim, saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary ulgamynyň çalt depginler bilen ösmegine, ýaşlary ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak we wepalylyk, mertlik hem-de halallyk ruhunda terbiýelemäge, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly we göreldeli zähmetini, gazanan ýokary netijelerini we hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana

bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen:

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň Ätiýaçlandyryşyň usulyýeti we ätiýaçlandyryş amallary bölüminiň baş hünärmeni Ýelena Iwanowna Smirnowany,

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş hünärmeni Aman Rejebowna Amanowany;

Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen:

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň pensiýa gaznasynyň bölüminiň baş hünärmeni Sapardurdy Geldimyradowy,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Ýöriteleşdirilen hojalyk birliginiň baş hasapçysy Berdi Öwezberdiýewiç Esenowy,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Gazygaýtadanişleýiş» müdirliginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ahmed Rozykulyýewiç Seýliýewi,

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň «Balkanwelaýatagyzsuw» birleşiginiň Jebeldäki suwuň güýjüni ýokarlandyryjy we gysyp çykaryjy desga gullugynyň başlygy Annadurdy Çakanowy,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň sürüjisi Çaryýar Ýolamanowiç Saparowy,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz «Çeper» tikin fabriginiň ykdysatçysy Meretgül Arazbaýewna Meredowany,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Garabekewül etrap senagat kärhanasynyň işgärler boýunça hünärmeni Orazbagt Akmyradowany,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenabat Ýüpek önümçilik birleşiginiň Pile kelepleýji önümçiliginiň uly ussasy Tagandurdy Gapparowiç Mametkulowy,

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk döwlet kompaniýasynyň «Marypoçta» welaýat kärhanasynyň Murgap etrap poçta aragatnaşyk merkeziniň hat gatnadyjysy Ahmet Bekiýewiç Seýidowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Aşgabat lokomotiw deposynyň otly sürüjisi Ymamguly Orazmyradowiç Nazarowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Aşgabat lokomotiw deposynyň otly sürüjisi Sergeý Aleksandrowiç Pawlowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň 1-nji gurluşyk-gurnama otlusynyň ussasy Wladimir Walentinowiç Iliçýowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Aşgabat habardar etmek we aragatnaşyk edarasynyň Kaka stansiýasynyň elektrik bejerijisi Orazgeldi Çopanowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Türkmenbaşy ýük wagon deposynyň wagon seredijisi Rejepdurdy Gulmyradowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Demir ýoluň Türkmenabat böleginiň birleşdirilen hojalygynyň Daşrabat stansiýasynyň nobatçysy Jora Ahmedowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Ýol maşyn kärhanasynyň (Mary şäheri) sürüjisi Muhammetçary Hojaýewi,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň S. A. Nyýazow adyndaky ahalteke athanasynyň atbakary Annamämmet Aşyrowy,

«Aga gurluşyk» hususy kärhanasynyň esaslandyryjysy Ata Çerkezowiç Çoganowy,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kitaphanasynyň bölüm müdiri Olga Nikolaýewna Kuliýi,

S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalygynda buhgalter hasaby we audit kafedrasynyň dosenti Gülnar Hadyrowna Meňliýewany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäherindäki 67-nji orta mekdebiniň matematika mugallymy Aba Aýlyýewi,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň direktorynyň bejeriş işleri boýunça orunbasary Gawhar Atillowna Oraznyýazowany,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Aşgabat şäheriniň döwlet arhiwiniň direktorynyň orunbasary Lýudmila Nersesowna Polişugy,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Mary welaýatynyň döwlet arhiwiniň pudaklaýyn arhiwler bilen işlemek boýunça baş hünärmeni Gandym Aşyrowiç Garýagdyýewi,

Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Akmyrat Ýaýlanowy,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň «Watan» radioýaýlymynyň baş redaktory Nurberdi Dädebaýewi,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kirişli saz gurallary kafedrasynyň uly mugallymy Nikolaý Artemewiç Amiýansy,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde döwlet syrlaryny goramak baradaky komitetiň Ahal welaýat bölüminiň 1 -nji derejeli redaktory Kakabaý Aýymowy,

Balkan welaýatynyň häkimliginiň Oba hojalygynda özgertmeler we döwrebap usullary ornaşdyrmak müdirliginiň Oba hojalyk önümlerini öndürmek we gaýtadan işlemek bölüminiň müdiri Rejepdurdy Aşyrowiç Tagyýewi,

Balkan welaýatynyň häkimliginiň Işgärler, geňeşlikler we häkimligiň edaralarynyň işini utgaşdyryjy bölüminiň müdiri Rejepmämmet Saparmämmedowiç Garaklyýewi,

Daşoguz welaýatynyň S. A. Nyýazow adyndaky etrabynyň S. Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Kamil Sadullaýewiç Rozmetowy,

Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň Çekir geňeşliginiň Geňeşiniň hünärmeni Gülaýym Hudaýberdiýewna Beghanowany,

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin»

medaly bilen:

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň Hasap bölüminiň baş hasapçysy Rimma Berdiýewna Öwezowany,

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Balkan welaýatynyň Gumdag şäheriniň Ykdysadyýet we ösüş bölüminiň başlygy Amanmyrat Gulmämmedowy,

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş hünärmeni Gülnahal Sahatdurdyýewany,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Buhgalter hasaby we hasabatlar müdirliginiň başlygynyň orunbasary Läle Orazliýewna Hudaýnazarowany,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlary boýunça Döwlet toparynyň nebit we gaz bölüminiň başlygy Myratnyýaz Öwezowiç Nurmämmedowy,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň baş inženeri - başlygyň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Nurmyrat Kakabaýewiç Saparowy,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Gazy çykarmak we ugratmak boýunça Kükürtli liniýa önümçilik böleginiň elektrik we gaz bilen kebşirleýjisi Bahram Gurbanbaýewiç Seýitmyradowy,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň «Galkynyş» gaz käni boýunça 1-nji baş desgasynyň operatory Orazberdi Gurbangeldiýewiç Orazmyradowy,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň Gazy arassalaýjy we gysyjy 1-nji önümhanasynyň uly maşinisti Orazmyrat Oramedowy,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň edarasynyň Daşary ykdysady aragatnaşyklar bölüminiň baş hünärmeni Annanepes Mätiýewiç Aşyrowy,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň edarasynyň Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyklar müdirliginiň «Nebitdag» bölüminiň baş hünärmeni Durdymämmet Majanowy,

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Gözegçilik-ölçeg enjamlary we awtomatika 11-nji önümhanasynyň ussasy Geldigylyç Durdygylyjowiç Gazakowy,

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Ýylylyk energiýa 20-nji önümhanasynyň mehanigi Allakuly Işankulyýewiç Dowyýewi,

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň Mary döwlet elektrik stansiýasynyň maşinisti Baýramdurdy Alladurdyýewiç Güjikowy;

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergogurluşyk» konserniniň «Daşoguzulgamgurluşyk» göçme kärhanasynyň esasy hünärmeni Aýnabat Gurbandurdyýewany,

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenjemagattaslama» döwlet taslama institutynyň Suw üpjünçilik we lagym ulgamlary bölüminiň başlygy Gennadiý Nikolaýewiç Ragulini,

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň Daşoguz welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň Daşoguz şäher Arassalaýyş we abadanlaşdyryş trestiniň baş inženeri Jumadurdy Kuwanowiç Taýmazowy,

«Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň Daşoguz welaýat Awtomobil ýollary ulanyş müdirliginiň Gubadag etrap ýol bölüminiň mehanizatory Baýry Gulanowiç Baýryýewi,

«Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň Mary welaýat Awtomobil ýollary ulanyş müdirliginiň ýük ýükleýjisiniň maşinisti Parahat Çaryýewi,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Gypjakdaky S. A. Nyýazow adyndaky dokma toplumynyň boýag önümhanasynyň müdiri Tagandurdy Çarygulyýewiç Annagulyýewi,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Seýdi şäherindäki pagta egriji fabriginiň baş inženeri Baýram Kurbandurdyýewiç Kasymowy,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Marynyň dokma fabriginiň uly ussasy Atabaý Geldiýewiç Rejepowy,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Marynyň «Ýeňiş» tikin fabriginiň biçimçisi Oguloraz Öwezmyradowna Bugraýewany,

Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň Gurluşyk materiallary senagaty müdirliginiň baş hünärmeni Nurbike Artykowna Taganowany,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabatdaky S. A. Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň işçisi Boris Wiktorowiç Babahanowy,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Maryazot» önümçilik birleşiginiň abatlaýjysy Muhammetnurýagdy Ataýewiç Gurbanowy,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň «Türkmenhaly» marketing merkeziniň ammar müdiri Tylla Öwezowany,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Annabegi Nurýagdyýewany,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň «Argaç» ýüň egriji kärhanasynyň egriji önümhanasynyň işçisi Oguldöndi Ilamanowna Annamuhammedowany,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň «Argaç» ýüň egriji kärhanasynyň operatory Ogulbaý Jumanepesowna Nurýagdyýewany,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň halyçysy Ogulboldy Kakyşowna Tekäýewany,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Zaýnap Amanowany,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Sakarçäge haly önümhanasynyň halyçysy Taganbike Toýlyýewany,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Murgap haly önümhanasynyň gözegçi ussasy Ogulnabat Abdyrahymowna Papbykowany,

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky taksomotor awtoulag kärhanasynyň bejerijisi Dinmuhammet Ekäýewiç Suwhanowy,

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky şäherara ýolagçy awtoulag kärhanasynyň bejerijisi Allaguly Aşirowiç Garaýewi,

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň 1-nji Aşgabat kärhanasynyň garawuly Abdulhamit Udiýewi,

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň «Ahalawtoulag» önümçilik birleşiginiň Gökdepedäki awtoulag kärhanasynyň uly hasapçysy Oguldöndi Jumageldiýewna Nurgeldiýewany,

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň abatlaýyş işgäri Gapurjan Hasanowiç Ödekowy,

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk döwlet kompaniýasynyň «Ahalpoçta» müdirliginiň Tejen etrap poçta aragatnaşyk merkeziniň hat gatnadyjysy Kakabaý Agaorazowy,

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk döwlet kompaniýasynyň «Balkanpoçta» welaýat kärhanasynyň Etrek etrap poçta aragatnaşyk merkeziniň hat gatnadyjysy Gurbangül Toýjanowany,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Senagat demir ýol ulaglarynyň döwlet kärhanasynyň Abadan demir ýol önümçilik böleginiň otly sürüjisi Nyýazguly Akmyradowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Senagat demir ýol ulaglarynyň döwlet kärhanasynyň Abadan demir ýol önümçilik böleginiň abatlaýjysy Bäşgeldi Gulgeldiýewi,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Türkmenbaşy ýol we desgalar edarasynyň sürüjisi Gurbanmämmet Hojamämmedowiç Gurdowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Türkmenbaşy habardar etmek we aragatnaşyk edarasynyň elektrik mehanigi Çoňly Garajaýewi,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň 1-nji gurluşyk-gurnama otlusynyň işçisi Serdar Gulanowiç Halamowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Ýol maşyn kärhanasynyň (Mary şäher) demir ýol gurnaýjysy Jumamuhammet Gurbangylyjowiç Amanowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Mary habardar etmek we aragatnaşyk edarasynyň uly elektrik mehanigi Sylap Öwezdurdyýewi,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Mary ýük wagon deposynyň topar ýolbaşçysy Rozmurad Hamidowiç Zakirowy,

«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň Daşoguz şäher howa menziliniň «AN-2» howa gämisiniň uçarman-tälimçisi Mätjan Koçkarowiç Jumabaýewi,

«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň Türkmenabat şäher howa menziliniň Gatnawlary guraýan gullugynyň başlygy Anatoliý Jankulyýewiç Aganiýazowy,

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Gämi bejeriş-mehaniki ussahanasynyň gämi reňkleýjisi Gurbangeldi Täşliýewiç Artykowy,

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kömekçi flotunyň «Ekerem» gämisiniň motorçysy Allaberdi Aşyrmuhammedowiç Nurmuhammedowy,

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň radiooperatory Elwira Taptykowna Amanullaýewany,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň Daşoguz welaýat Gidrometeorologiýa merkeziniň Daşoguz raýat awiameteorologiýa bekediniň operatory Ahmet Mätjumaýewiç Şamedowy,

Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň Iş dolandyryş müdirliginiň başlygy Gurbanmyrat Annamyradowiç Meredowy,

Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň Aşgabadyň galla önümleri kärhanasynyň sürüjisi Annamyrat Altyýewiç Korowy,

Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň «Garagumderýasuwhojalyk» birleşiginiň 6-njy «Garagumsuwhojalyk» dolanyşygynyň buldozerçisi Çarymyrat Orazmuhammedowy,

Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň Daşoguz welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň esasy hünärmeni Juma Seýidowiç Eminowy,

Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň Lebap oba hojalyk önümçilik birleşiginiň baş hünärmeni Narkuly Jemşidowy,

Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň Mary welaýat oba nojalyk önümçilik birleşiginiň baş direktory Bäşimgeldi Berdinýazowiç Saparowy,

Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň Mary welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Tagtabazar etrabyndaky «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň baş çopany Ýagşymurat Hommyýewiç Geidiýewi,

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky nöwlet komitetiniň «Türkmenýertaslama» institutynyň Aşgabat ýer gurluşyk gözleg ekspedisiýasynyň inženeri Çarymyrat Amanýazowiç Täçmämmedowy,

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky iöwlet komitetiniň Daşoguz welaýat ýer serişdeleri müdirliginiň Daşoguz şäher bölüminiň ýolbaşçysy Annageldi Arazbaýewiç Muhammedowy,

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň Ykdysadyýet we çaklaýyş müdirliginiň başlygy Soltanmyrat Halbaýewiç Mollaýewi,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Lebap welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Garabekewül etrap alyjylar jemgyýetiniň 26-njy dükanynyň satyjysy Orazgül Allakulyýewany,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Lebap welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Sakar etrap alyjylar jemgyýetiniň 1-nji dükanynyň satyjysy Hudaýberdi Hesenowiç Ýazberdiýewi,

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň Hasaba alyş bölüminiň baş hünärmeni Döwran Ýazmyradowiç Gurbanmyradowy,

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň Hukuk we işgärler müdirliginiň baş hünärmeni Oguljeren Weliýewna Öwezmyradowany,

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Işgärler boýunça baş hünärmeni Aksoltan Baýramgeldyýewna Hojaberdyýewany,

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň «Türkmenbaşyekspertiza» kärhanasynyň deklarant-eksperti Ogulgül Allaýarowna Saparowany,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň iş dolandyryjysy Begençmyrat Şamyradowiç Saparowy,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Orazgül Meredowna Eýeberdiýewany,

Telekeçi Ejegül Annagurbanowany,

«Weli gurluşyk» hususy kärhanasynyň direktory Welmyrat Rejepalyýewiç Gutlyýewi,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Roman-german dilleri kafedrasynyň müdiri Söýün Dädekowy,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň Ýokary matematika kafedrasynyň uly mugallymy Akmyrat Öwezowy,

Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy Kakyş Gummanowy,

Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy Şamyrat Nurmyradowy,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäherindäki 50-nji orta mekdebiniň mugallymy Alla Iwanowna Myradowany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aýratyn zehinli çagalaryň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet mekdep-internatynyň mugallymy Nataliýa Wiktorowna Molotowany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 25-nji orta mekdebiniň müdiri Kakageldi Muhammetgulyýewi,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabyndaky ýöriteleşdirilen 31-nji orta mekdebiniň mugallymy Şahryzat Kamalowna Şamsyýewany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky 40-njy orta mekdebiniň mugallymy Bekmyrat Akmyradowiç Abdullaýewi,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş hasapçysy Swetlana Wiktorowna Kalinuşkinany,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keseller merkezleri müdiriýetiniň Inçekeseli bejeriş-öňüni alyş merkeziniň Rentgen we funksional anyklaýyş bölüminiň müdiri Rozyguly Hudaýgulyýewiç Babanazarowy,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkeziniň direktorynyň hirurgiýa işleri boýunça orunbasary Oraznyýaz Erniýazowiç Berdiýewi,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň S. A. Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň Anesteziologiýa we reanimasiýa bölüminiň müdiri Atamyrat Halmyradowy,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň S. A. Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň Çaga keselleri bölüminiň müdiri Bäşim Hydyrnepesowiç Suwhanowy,

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Ylmy-kliniki merkeziniň baş lukmany Täçguly Goçgulyýewiç Toýgulyýewi,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Aýdogdy Ilýasowiç Orazdurdyýewi,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Ýazgeldi Sopyýewiç Hojagulyýewi,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň Hirurgiýa bölüminiň müdiri Farhad Metkulyýewiç Şükürowy,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Lebap welaýatynyň Serdarabat etrap hassahanasynyň Saýatly oba saglyk merkeziniň maşgala lukmany Şasenem Joraýewna Çaryýewany,

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň Daşoguz welaýatynyň baza sport mekdebiniň tälimçisi Gurbanmyrat Saparmuradowy,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň başlygy Ýazpolat Nurpolatdowiç Keriýewi,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Serdarabat etrap Geňeşiniň başlygy Anwar Gahrymanowiç Jumakulyýewi,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Merkezi derňew toparynyň başlygy Çarymuhammet Lollyýewi,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Dokma senagaty işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Oguljeren Esenowna Şyhyýewany,

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň Köneürgenç etrap şahamçasynyň wekili Kakabaý Jumaýewiç Gutumowy,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň müdiri Merdan Kerimbaýewiç Niýetbaýewi,

Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat- syýahat» döwlet syýahatçylyk kärhanasynyň baş hünärmeni Hangeldi Çarygulyýewiç Baýramowy,

«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň Saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk bölüminiň redaktory Inna Witalýewna Burowany,

«Zenan kalby» žurnalynyň bölüm redaktory Gülşat Abdyllaýewna Taganowany,

«Medeniýet» žurnalynyň bölüm redaktory Abduhalik Ýazhanowiç Džumatowy,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň Halk aýdym-saz toparynyň artisti Saparmyrat Geldimyradowiç Işadowy,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Arhitektura kafedrasynyň müdiri Gaýgysyzçary Goçmyradowiç Dolyýewi,

Daşogzuň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň drama artisti Tirkeş Jumageldiýewiç Garlyýewi,

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň 6-njy hünärment mekdebiniň direktory Çaryýar Guwançewiç Hojaýewi,

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň «Aşgabat» medeni we dynç alyş seýilgähiniň direktory Amanberdi Rejepmämmedowiç Bäşimowy,

Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Durun geňeşliginiň Geňeşiniň arçyny Janmuhammet Gurbanberdiýewiç Janiýewi,

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimliginiň Senagat, gurluşyk, arhitektura we ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bölüminiň müdiriniň orunbasary Aýdogdy Atamyradowiç Garryýewi,

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag geňeşliginiň Geňeşiniň arçyny Amanguly Aşirowiç Batyrowy,

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň häkimliginiň baş hünärmeni Ogulnur Hojaberdiýewna Orazweliýewany,

Ahal welaýatynyň Tejen şäheriniň häkiminiň kömekçisi Wepa Owezgeldiýewiç Akmaýewi,

Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň «Hakykat» daýhan birleşiginiň çopany Saparberdi Allaberdiýewiç Jülliýewi,

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Çaryguly Goşaýewiç Goçamanowy,

Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň häkimliginiň baş hasapçysy Goňurja Hamydowiç Goňurjaýewi,

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň D. Azady adyndaky daýhan birleşiginiň başlygy Bäşmuhammet Gurdowy,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkimliginiň baş hasapçysy Arzygül Jumageldiýewna Ärnepesowany,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkimliginiň Oba hojalygynda özgertmeler we döwrebap usullary ornaşdyrmak bölüminiň baş hünärmeni Çowdurbaý Ilamanowiç Ýagşimyradowy,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň «Zähmetkeş» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Amangeldi Muradowy,

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň häkimliginiň Işleri dolandyryş müdirliginiň baş hünärmeni Haldurdy Meläýewiç Meredowy,

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň häkimliginiň kätibi Kümüş Allabergenowna Hudaýbergenowany,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň häkimliginiň ýolbaşçysynyň kätibi Altyn Nyzamowna Ýakubowany,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň «Abadanlyk» daýhan birleşiginiň başlygy Jumamyrat Mämetjanowiç Öräýewi,

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň topar ýolbaşçysy Artykbaý Baýramgeldiýewiç Bozaganowy,

Lebap welaýatynyň häkimliginiň baş bagbany Atamyrat Öwezowy,

Mary welaýatynyň häkimliginiň Umumy bölüminiň baş hünärmeni Sülgün Gurbandurdyýewna Mämmetdurdyýewany,

Mary welaýatynyň Mary şäheriniň häkimliginiň Ýöriteleşdirilen «Taslama-gurluşyk» kärhanasynyň direktory Antonina Haçimowna Durdyýewany,

Mary welaýatynyň häkimliginiň Baýramaly ýöriteleşdirilen gurluşyk dolandyrmasynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Marly Orazgeldiýewiç Marlyýewi,

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Aşgabat» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Muhammetmyrat Agaorazowiç Kurbanowy,

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Hakykat» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Aýgözel Ylýasowna Öwezgeldiýewany,

Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň «Baýramaly» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Haknazar Gurbannazarowy,

Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Hasyl geňeşliginiň Geňeşiniň arçyny Tyllagözel Ýazlyýewna Akmyradowany,

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Murgap şäher Geňeşiniň arçyny Akmyrat Amanowiç Orazberdiýewi,

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň A. Jumamyradow adyndaky daýhan birleşigindäki «Aşyr Höjek» daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Hydyr Aşyrowiç Täşliýewi;

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly:

«Türkmenistanyň ylymda we tehnikada

at gazanan işgäri» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň Fiziki-himiki seljerme we güwänama bölüminiň baş ylmy işgäri Boris Annaberdiýewiç Kuljaýewe;

«Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri» diýen hormatly ady:

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Ýöritenebitgurnamagurluşyk» trestiniň Gumdag gurluşyk-gurnama dolandyryş edarasynyň elektrik we gaz bilen kebşirleýjisi Kadyr Esenowiç Kyýasowa,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabadyň Modeller öýüniň uly ussasy Tatýana Petrowna Migunowa,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Ahal» tikinçilik birleşiginiň Meýilleşdiriş-önümçilik bölüminiň başlygy Gulfiýa Ahmatowna Şaýhrazeýewa,

Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň «Türkmendemirbetonönümleri» önümçilik birleşiginiň baş inženeri Myratbaý Gutlykowiç Durdyýewe,

Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň «Santehönümleri» zawodynyň ussasy Alekseý Wasilýewiç Swiridenkä,

Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň «Türkmendaşlary» önümçilik birleşiginiň Gökdepe kän müdirliginiň 2-nji owradyp-saýlaýjy fabriginiň ussasy Döwletgeldi Sapargeldiýewiç Seýidowa;

«Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy»

diýen hormatly ady:

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň dolandyryjysy Begençmyrat Muhammedowa;

«Türkmenistanyň at gazanan aragatnaşyk işgäri»

diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk döwlet kompaniýasynyň «Daşoguzpoçta» welaýat kärhanasynyň Görogly etrap poçta aragatnaşyk merkeziniň hat gatnadyjysy Öre Ýegenmedowa;

«Türkmenistanyň at gazanan oba hojalyk işgäri»

diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň «Garagumderýagurluşyk» önümçilik birleşiginiň ýöriteleşdirilen «Garagumgurluşyk» önümçilik dolanyşygynyň işçisi Orazguly Salarowa,

Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň başlygy Atamurat Japbarkulowa;

«Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri”

diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasynyň II anesteziologiýa we reanimasiýa ylmy-kliniki bölüminiň müdiri Çary Hydyrowa;

«Türkmenistanyň at gazanan ykdysatçysy»

diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň baş ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň başlygy Amansahat Rejepowiç Pökgiýewe,

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Lebap welaýat sahamçasynyň Buhgalter hasaby we hasabaty bölüminiň başlygy – baş hasapçysy Gülbahar Hamrakulowna Mowlonowa.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 14-nji sentýabry.

№ PP-7073