Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2016 ý. № 8-9, 4242-nji madda)
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda buýsandyryjy netijeler gazanylýar. Bitarap döwletimiziň her güni zähmet ýeňişlerine beslenýär. Ata Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Alnyp barylýan bu beýik işlere zähmetsöýer zenanlarymyz işjeň gatnaşýarlar. Olar halk hojalygynyň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekmek bilen, berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylaýarlar, ýurdumyzda agzybirligi we jebisligi has-da berkitmäge uly goşant goşýarlar.
Mähriban enelerimiz jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşyp, ogul-gyzlaryna mynasyp edep-terbiýe bermekde, sowatly, giň gözýetimli, aň-düşünjeli nesilleri kemala getirmekde, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmakda bahasyna ýetip bolmajak işleri amala aşyrýarlar. Alyp barýan içeri hem-de daşary syýasatymyzy wagyz etmekde we durmuşa geçirmekde hem mähriban zenanlarymyzyň bitirýän hyzmatlary hormata mynasypdyr.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmäge, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini we ahlak sütünlerini pugtalandyrmaga, Türkmenistanyň halkynyň ruhy başlangyçlaryny we däpleriniň yzygiderliligini üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, ýaş nesillerimize döwrebap bilim bermekde, ýaşlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin, aýratyn önjeýli jemgyýetçilik işlerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, karar edýärin:
Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamaly:
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäherindäki Ene Kulyýewa adyndaky 62-nji orta mekdebiniň himiýa mugallymy Jumagözel Şamyradowany,
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Oguljemal Artyklyýewany,
Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Purnuwar geňeşliginiň Purnuwar obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Baýramgül Durdyýewany,
Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Täzezaman geňeşliginiň Bagly obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Kümüş Ilamanowany,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndaky 7-nji «Diýar» çagalar bagynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji Annagül Kullyýewany,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mary welaýatynyň Garagum etrabyndaky 16-njy orta mekdebiniň biologiýa mugallymy Orazgözel Mämmäýewna Handurdyýewany.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2016-njy ýylyň 14-nji sentýabry.
№ PP-7069