Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipede boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipede boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipede

boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2016-njy ýyl, № 5-6, 4095-nji madda)

«Kazyýet hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 25-nji, 54-nji, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Ogulsapar Amangeldiýewna Nurýagdyýewany Ahal welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, şol kazyýetiň Prezidiumynyň düzümine girizmeli we ony Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Agöýli Aşyrowiç Aşyrowy Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli;

Döwran Jumamyradowiç Hanowy Aşgabat şäheriniň Abadan etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli;

Mähriban Allaşukurowna Bagyýewany Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Parahat Sylapberdiýewiç Çaryýewi Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli;

Seýitjan Pirkulyýewiç Ýaňybaýewi Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli;

Ýalkapberdi Muhammetnazarowiç Baýjaýewi Mary welaýatynyň Ýolöten etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli.

Türkmenistanyň

Prezidenti,

Türkmenistanyň

Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly

Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 4-nji maýy.

№ PP-6989