Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.I.Matwiýenko «Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty» diýen ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa
Geňeşiniň Başlygy W.I.Matwiýenko «Aşgabat şäheriniň
hormatly raýaty» diýen ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2017-nji ýyl, № 8-9, 337-nji madda)
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, iki ýurduň halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan uly goşandygy göz öňünde tutup, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Iwanowna Matwiýenko «Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty» diýen ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2017-nji ýylyň 16-njy sentýabry.
№ PP-179