1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli sowgatlary gowşurmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli sowgatlary gowşurmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2021 ý., № 5, 1907-nji madda)
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň görkezen nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:
1. Welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli 39 uruş weteranyna, şol sanda 8 zenana, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň 1 ýanýoldaşyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary şu Permana goşunda laýyklykda dabaraly ýagdaýda gowşurmaly.
2. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi şu Permanyň birinji böleginde görkezilen sowgatlary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmeli.
3. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi şu Permana goşunda laýyklykda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerini gymmat bahaly sowgatlar bilen býujetden maliýeleşdirilýän edaralar üçin bellenen nyrhlardan üpjün etmeli.
4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarlary, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2021-nji ýylyň 07-nji maýy
№ PP-834
Türkmenistanyň Prezidentiniň
2021-nji ýylyň 07-nji maýynda
çykaran PP-834-nji Permanyna
goşundy
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna we uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gowşuryljak gymmat
bahaly sowgatlaryň
SANAWY
Erkekler üçin
T/b Sowgatlaryň atlary Ölçeg birligi Bahasy (manat)
T/b
Sowgatlaryň atlary
Ölçeg birligi
Bahasy (manat)
1 Nah köýnek 1 sany 130,0
1
Nah köýnek
1 sany
130,0
2 Nah pižama 1 toplum 79,7
2
Nah pižama
1 toplum
79,7
3 Jorap 1 guty (4 jübüt) 67,4
3
Jorap
1 guty (4 jübüt)
67,4
4 Sütükli çalgyç (190x220sm) 1 sany 283,0
4
Sütükli çalgyç (190x220sm)
1 sany
283,0
5 Ýorgan-düşek daşlygy 1 toplum 160,0
5
Ýorgan-düşek daşlygy
1 toplum
160,0
6 Düýe ýüňünden ýorgan (140x205sm) 1 sany 600,30
6
Düýe ýüňünden ýorgan (140x205sm)
1 sany
600,30
7 Milli nagyşly örülen saçak 1 sany 92,0
7
Milli nagyşly örülen saçak
1 sany
92,0
8 Korset 1 sany 20,05
8
Korset
1 sany
20,05
9 Tirseklik 1 sany 10,88
9
Tirseklik
1 sany
10,88
10 Goşarlyk 1 sany 9,70
10
Goşarlyk
1 sany
9,70
11 Türkmenistanyň melhem çaýlary 1 toplum 58,05
11
Türkmenistanyň melhem çaýlary
1 toplum
58,05
12 Sowgatlary salmak üçin torba 1 sany 130,0
12
Sowgatlary salmak üçin torba
1 sany
130,0
Jemi: 1641,08
Jemi:
1641,08
Zenanlar üçin
T/b Sowgatlaryň atlary Ölçeg birligi Bahasy (manat)
T/b
Sowgatlaryň atlary
Ölçeg birligi
Bahasy (manat)
1 Bir köýneklik ştapel mata 2 m 74,1
1
Bir köýneklik ştapel mata
2 m
74,1
2 Trikotaž köýnek 1 sany 90,0
2
Trikotaž köýnek
1 sany
90,0
3 Jorap 1 guty (4 jübüt) 68,8
3
Jorap
1 guty (4 jübüt)
68,8
4 Sütükli çalgyç (190x220sm) 1 sany 283,0
4
Sütükli çalgyç (190x220sm)
1 sany
283,0
5 Ýorgan-düşek daşlygy 1 toplum 160,0
5
Ýorgan-düşek daşlygy
1 toplum
160,0
6 Düýe ýüňünden ýorgan (140x205sm) 1 sany 600,3
6
Düýe ýüňünden ýorgan (140x205sm)
1 sany
600,3
7 Milli nagyşly örülen saçak 1 sany 92,0
7
Milli nagyşly örülen saçak
1 sany
92,0
8 Korset 1 sany 20,05
8
Korset
1 sany
20,05
9 Tirseklik 1 sany 10,88
9
Tirseklik
1 sany
10,88
10 Goşarlyk 1 sany 9,70
10
Goşarlyk
1 sany
9,70
11 Türkmenistanyň melhem çaýlary 1 toplum 58,05
11
Türkmenistanyň melhem çaýlary
1 toplum
58,05
12 Sowgatlary salmak üçin torba 1 sany 130,0
12
Sowgatlary salmak üçin torba
1 sany
130,0
Jemi: 1596,88
Jemi:
1596,88