«Döwlet pajy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 29-njy noýabrynda çykaran 1077-nji Permanyna goşmaça girizmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
«Döwlet pajy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň
1993-nji ýylyň 29-njy noýabrynda çykaran 1077-nji Permanyna goşmaça girizmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2021 ý., № 2, 1790-njy madda)
«Hukuk namalary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
«Döwlet pajy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 29-njy noýabrynda çykaran 1077-nji Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň 1993-nji ýyldaky 11-nji ýygyndysynyň I böleginiň 1644-nji maddasy) III babynyň 16-njy bendiniň soňuna şu mazmunly bendi goşmaly:
«terrorçylykly hereketiň netijesinde jebir çeken şahsyň emlägi üçin, eger-de olar şol şahsyň ekleýjisini ýitiren maşgala agzalary bolsalar;».
Türkmenistanyň
Prezidenti,
Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly
Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2021-nji ýylyň 22-nji fewraly
№ PP-808