Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän
dynç gününi geçirmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2020 ý., № 9, 1610-njy madda)
Ýurdumyzyň ilatynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, karar edýärin:
1. 2020-nji ýylyň 27-nji sentýabryndaky dynç gününi 28-nji sentýabra - duşenbe gününe geçirmeli.
2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2020-nji ýylyň 24-nji sentýabry.
№ PP-725