Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly

geçirmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2020 ý., № 6-7-8, 1565-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine we asylly ýörelgelerine eýerip hem-de türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga hem-de çözgütleri kabul etmäge jemgyýetimiziň ygtyýarly wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, biziň ähli üstünliklerimiziň we ýeňişlerimiziň girewi bolan agzybirligi, jebisligi has-da berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek hem-de halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň - Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde, Ruhyýet köşgünde geçirmeli.

2. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmeli we onuň düzümini tassyklamaly (goşulýar).

3. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini guramaçylykly geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 5-nji iýulynda çykaran 385-nji Permany bilen tassyklanan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine jemgyýetçiligiň wekillerini saýlamagyň Tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine jemgyýetçiligiň wekilleriniň saýlawlarynyň geçirilmegini üpjün etmeli hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatyna welaýatlardan we Aşgabat şäherinden saýlanan agzalarynyň sanawyny 2020-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanyna bermeli.

4. Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine jemgyýetçiligiň wekillerini saýlamak, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly işlerde welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň halk maslahatlaryna guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermeli we bu işleri utgaşdyrmaly.

5. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň başlyklary gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2020-nji ýylyň 03-nji iýuly

№ PP-713

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2020-nji ýylyň 03-nji iyulynda

çykaran PP-713-nji Permany bilen

tassyklandy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary

derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň

DÜZÜMI

Gurbanguly Berdimuhamedow - Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy (Guramaçylyk toparynyň Başlygy)

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy (Guramaçylyk toparynyň Başlygynyň orunbasary)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş dolandyryjysy

Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri

Türkmenistanyň Içeri işler ministri

Türkmenistanyň Adalat ministri

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri

Türkmenistanyň Bilim ministri

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri

Türkmenistanyň Medeniýet ministri

Türkmenistanyň Energetika ministri

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy

«Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy