Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

«Türkmenhaly» döwlet paýdarlar korporasiýasynyň kärhanalarynyň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly atlary dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

«Türkmenhaly» döwlet paýdarlar korporasiýasynyň kärhanalarynyň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly atlary dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Türkmenhaly» döwlet paýdarlar korporasiýasynyň

kärhanalarynyň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak

we olara hormatly atlary dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2006 ý., № 5, 865-nji madda)

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň merdana halkynyň milli buýsanjy bolan gadymy nusgawy halylarymyzyň şan-şöhratyny arşa götermäge, gözelligi we nepisligi bilen dünýä meşhur gadymy hem müdimi milli haly sungatymyzy türkmen halkynyň Altyn asyrynda has-da ösdürmäge we kämilleşdirmäge goşan uly şahsy goşandy, çeken halal zähmeti, ýokary hünär ussatlygy we halyçylyk sungatynyň muşdaklaryny artdyrmaga işjen gatnaşýandygy hem-de türkmen halysynyň baýramy mynasybenli:

Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky Türkmen halysynyň muzeýiniň halyçysy Keýik Amandurdyýewna Çaryýewany,

Aşgabadyň "Argaç" ýün egriji kärhanasynyň halyçysy Gülşirin Orazgeldiýewna Gulowany,

Aşgabadyň çeper synag halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Oguldöndi Saryýewany,

Aşgabadyň çeper synag halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Annagözel Annagylyjowna Meläýewany,

Aşgabadyň çeper synag halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Amanbibi Ataýewany,

Aşgabadyň çeper synag halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Gülşirin Gowşudowna Almämmedowany,

Aşgabadyň çeper synag halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Täjigül Nyýazowany "Watana bolan söýgüsi üçin" diýen ýubileý medaly bilen sylaglamaly;

Berekediň çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Saçly Çitliýewa,

Esengulynyň çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Akbibi Etrekowna Hajymämmedowa,

Baharlynyň çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Narsoltan Allamyradowna Berdiýewa,

Baharlynyň çeper önümler golçur kärhanasynyň halyçysy Ogulbibi Ataýewna Işangulyýewa,

Gökdepäniň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan Atamyradowa adyndaky çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Abadan Durdygulyýewa,

Marynyň boýag-çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Gurbanbibi Kakajanowna Durdyýewa,

Aşgabadyň "Argaç" ýün egriji kärhanasynyň Boldumsaz etrabyndaky bölüminiň halyçysy Jumagül Hüdikowa,

Aşgabadyň çeper synag halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Gunça Hydyrowa «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2006-njy ýylyň 26-njy maýy

№ PP- 4504