Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2006 ý., № 3, 788-nji madda)

Täze Aşgabat-Garagum-Daşoguz demir ýolunyň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanmagyna goşan uly şahsy goşandy üçin:

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň baş inženeri Amanmyrat Hojamyradowiç Nepesowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň "Türkmendemirýoltaslama" taslama düzüş-agtaryş institutynyň direktory Boris Andreýewiç Krasnousowy Türkmenistanyň Prezidentiniň "Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin" ordeni;

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Daşoguz şäherindäki ýol -maşyn kärhanasynyň uly ýol ussasy Amangeldi Garžawowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Mary şäherindäki ýol -maşyn kärhanasynyň ýol ussasy Altymuhammet Garajaýewi,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Serdar şäherindäki ýol -maşyn kärhanasynyň uly ýol ussasy Parahat Aşyrgulyýewiç Garaýewi,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Aşgabat ýol we desgalar edarasynyň drezina sürüjisi Hudaýberdi Döwletowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Mary habardar etmek we aragatnaşyk edarasynyň baş inženeri Gurtmyrat Ýazmyradowiç Gurtjaýewi,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary minislrliginiň Aşgabat lokomotiw deposynyň başlygy Gurbangeldi Aşirowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Serdar şäherindäki ýol-maşyn kärhanasynyň ýol işçisi Amannur Abaýewiç Gylyjowy "Gaýrat" medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2006-njy ýylyň 16-njy marty

№ PP-4473