Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Berkarar Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 16 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Türkmenistanyň zähmetde tapawutlanan raýatlaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Berkarar Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 16 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Türkmenistanyň zähmetde tapawutlanan raýatlaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Berkarar Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 16 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Türkmenistanyň zähmetde tapawutlanan raýatlaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2007 ý., № 10, 733-nji madda)

Berkarar Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygynyň 16 ýyllygyny ähli ugurlardaky ösüşleriň şan-şöhratyna beslenmek bilen garşylaýar. Täze galkynyş syýasatymyzdan ruhlanan halkymyzyň agzybirlikde çekýän tutanýerli we halal zähmeti netijesinde ýurdumyz syýasy, ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň ýokary derejelerini gazandy. Agzybirligiň, asudalygyň, jebisligiň höküm sürmeginde geçirilýän jemgyýetçilik-syýasy özgertmeler, halkymyzyň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýän adalat jemgyýetiniň gurulmagyna gönükdirilen içeri hem-de daşary syýasatymyz Türkmen döwletimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly gülläp ösmegini, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün etdi.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösmegine, önümçiligiň netijeliliginiň ýokarlanmagyna, durmuş üpjünçiliginiň has-da gowulandyrylmagyna, medeniýetimiziň, sungatymyzyň goranmak ukybynyň pugtalandyrylmagyna, howpsuzlygynyň ýokarlandyrylmagyna hem-de jemgyýetçilik hukuk tertibiniň we ilatymyzyň asuda durmuşynyň üpjün edilmegine goşan şahsy goşantlary üçin hem-de döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, göreldeli zähmetini, ýokary hünär ussatlygyny we işine ezberligini, gazanýan ajaýyp üstünliklerini nazarda tutup, şeýle hem baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlyk gününiň şanly 16 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Şulary Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamaly:

III derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen:

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Ýaşyldepe» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ýusup Bäşimowy,

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň «Däneata» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Annaberdi Arbadowy,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň «Agzybirlik» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Amangeldi Gurbanowy,

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ereşdurdy Haýitmyradowy,

Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň «Aşgabat» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Nuryjuma Hudaýgulyýewna Batyrowany;

«Edermenlik» medaly bilen:

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 26650-nji harby bölüminiň 4-nji awiasion eskadrilýasynyň serkerdesi Agajan Haýdarkulyýewiç Bekiýewi,

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň Mary welaýaty boýunça müdirliginiň 1-nji bölümçesiniň başlygy Gurbanmyrat Hudaýgulyýewiç Amangeldiýewi,

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Türkmenabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky etrap Polisiýa bölüminiň Jenaýat agtaryş bölümçesiniň başlygy Babamyrat Gulnazarowiç Seýitnazarowy,

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň başlygynyň aňtaw boýunça orunbasary - Aňtaw bölüminiň başlygy Baba Myradowiç Durdyýewi,

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň terbiýeçilik işleri boýunça bölüminiň uly ofiseri Garýagdy Geldiýewiç Annaýewi,

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyn Atamyrat serhet birikmesiniň Tehniki üpjünçilik bölüminiň ok we ýaraglandyryş gullugynyň uly ofiseri Durdymyrat Amanowiç Amanowy,

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş derňew müdirliginiň Üçünji bölüminiň başlygy Sapardurdy Annagurbanowiç Arabowy;

«Gaýrat» medaly bilen:

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky şäherara ýolagçy awtoulag kärhanasynyň sürüjisi Myrat Nyýamyradowy,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Halkara Saglyk merkezleri müdiriýetiniň «Ene mähri» merkeziniň baş müdiriniň orunbasary Annatäç Ataýewna Ulugberdiýewany,

«Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň Ahal welaýat gara ýollary ulanyş müdirliginiň tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak boýunça inženeri Annamyrat Saparowy,

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Türkmengözleggeofizika» müdirliginiň başlygy Hudaýberdi Annageldiýewi,

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň Salgyt, buhgalter hasaby syýasaty we usulýeti müdirliginiň başlygy Döwletgeldi Sadykowy,

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady is bankynyň Hasaplaşyk amallary müdirliginiň şahsy adamlaryň hasaplary bölüminiň baş ykdysatçysy Göwher Allanurowna Berdiýewany,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň atbakary Durdymyrat Kanaýewi,

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň «Täze durmuş» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Aşyr Wekilowy;

«Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen:

Türkmenistanyň Mejlisiniň umumy bölüminiň Terjime we cap ediş bölümçesiniň terjimeçisi Annagurban Kakalyýewi,

«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň «Türkmenistan» howa ulaglary kärhanasynyň Awiatehniki bazasynyň «Boing» meýdançasynyň esasy inženeri Nazar Kakajanowiç Mämmedowy,

«Türkmendeňizderýaýollary» müdirliginiň «Derýaýollary» önümçilik birleşiginiň Atamyrat ulanyş kärhanasynyň baş hünärmeni-mehanigi Baýramguly Aşyrowy,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky Milli komitetiň Gidrometeorologiýa merkeziniň Çaklamalar bölüminiň howanyň düzgünini öwreniş toparynyň esasy inženeri Maral Begmämmedowna Nepesowany,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa kafedrasynyň dosenti Durdy Nurmedowy,

Türkmen politehniki institulynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasy kafedrasynyň müdiri Nurýagdy Suwhanowy,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Türkmenistanyň Merkezi Aziýa we Gündogar halklarynyň medeni mirasy döwlet institutynyň arheologiýa we etnologiýa bölüminiň esasy ylmy işgäri Hemra Ýusupowy,

Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň «Balkanenergo» önümçilik birleşiginiň Esenguly böleginiň elektromontýory Amangeldi Annageldiýewi,

Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň «Türkmenenergoabatlaýyş» ýöriteleşdirilen önümçilik birleşiginiň elektrik slesary Gulmyrat Allamyradowiç Babaýewi,

Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň «Türkmenmaşyngurluşyk» konserniniň Marydaky maşyngurluşyk zawodynyň guýma sehiniň önüm arassalaýjysy Aýdogdy Muhammedowy,

Türkmenistanyň Gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty ministrliginiň «Türkmendaşlary»ýöriteleşdirilen döwlet kärhanasynyň Gökdepe karýer müdirliginiň sürüjisi Gurbanberdi Geldiýewiç Gurbandurdyýewi,

Türkmenistanyň Gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty ministrliginiň «Arkaçgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 1-nji Gurluşyk-gurnama müdirliginiň demir we demir-beton önümlerini gurnaýjysy Döwran Annaýewiç Gurbandurdyýewi,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Nebitdag buraw işleri müdirliginiň başlygy Rejepgeldi Baýramgeldiýewiç Ilamanowy,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Gazy çykarmak we ugratmak boýunça Demirgazyk Balguýy önümçilik böleginiň nebit we gaz çykaryjy operatory Gurbannazar Otuzowiç Esenmamedowy,

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň dolandyryş edarasynyň Önümçilik bölüminiň baş dispetçeri-önümçilik bölüminiň başlygy Ogulbibi Puriýewna Nurýagdyýewany,

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Milli medeniýet merkeziniň milli kitaphanasynyň bölüm müdiri Hurmagül Açilowany,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň epleme önümhanasynyň maşinisti Bessir Pürliýewany,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «Çaphanahyzmatlary» döwlet kärhanasynyň seh ussasy Hudaýguly Kulyýewi,

Türkmen döwtet habarlar gullugynyň Lebap welaýaty boýunça habarçysy Berdimyrat Imamkulyýewiç Jumaýewi,

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň Halkara durmuşy boýunça synçysy Swetlana Petrowna Goržiýny,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde döwlet syrlaryny gorap saklamak baradaky komitetiň redaktory Züleýha Saparmyradowna Arçynowany,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 05603-nji harby bölüminiň serkerdesi Ýolly Orazlyýewiç Gylyjowy,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 56670-nji harby bölüminiň garyşyk uçar eskadrilýasynyň uçar toparynyň serkerdesi Ahmet Durdygulyýewiç Hamraýewi,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 11206-njy harby bölüminiň serkerdesiniň orunbasary-dolandyryş bölüminiň başlygy Serdar Aşyrberdiýewiç Ýagşygeldiýewi,

Türkmenistanyň Goranmak ministrligmiň 10318-nji harby bölüminiň serkerdesi Ali Ýegengylyjowiç Tuwakgylyjowy,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 45765-nji harby bölüminiň asmana atyjylyk diwizionynyň radioenjam batareýasynyň serkerdesi Myrat Jumadurdyýewiç Osmanowy,

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň 11-nji bölümçesiniň başlygy Saparmämmct Akmämmedowiç Arbadowy,

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň 2-nji müdirliginiň 3-nji bölüminiň başlygy Juma Başimowiç Jumaýewi,

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň 3-nji bölüminiň başlygynyň orunbasary Gurbanmyrat Kakamyradowiç Annaýewi,

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň Türkmenbaşy şäher Polisiýa bölüminiň polisiýanyň uly ýerli wekili Rejep Nazjanowy,

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Hukuk kömegi bölüminiň başlygy Kumuş Mämmetmyradowna Gurbanýazowany,

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň Aňtaw bölüminiň uly ofiseri Begenç Durdybaýewiç Täjiýewi,

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň «Injirli» serhet galasynyň 1-nji atyjylyk bölümçesiniň serkerdesi Rahman Kakabaýewiç Hudaýberdiýewi,

Lebap welaýat prokuraturasynyň Umumy bölüminiň Arza-şikaýatlara garamak we raýatlary kabul etmek bölümçesiniň uly prokurory Ýoldaş Rozyýewi,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap prokurorynyň uly kömekçisi Täjigül Hudaýberdiýewna Atabaýewany,

Mary welaýatynyň Türkmengala etrap kazyýetiniň kazysy Sülgün Amanowna Annadurdyýewany,

Aşgabat şäheriniň Prezident Nyýazow adyndaky etrabynyň kazyýetiniň iş ýöredijilik bölüminiň müdiri Aýna Çaryýewna Hojaliýewany,

Türkmenistanyň Daşary ýurt raýatlaryny hasaba alyş döwlet gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdiriliginiň başlygynyň orunbasary Arazgeldi Taganmyradowiç Esenowy,

Ahal welaýaty boýunça döwlet salgyr gullygynyň uly döwlet salgyt inspektory Durdy Baýramdurdyýewiç Annadurdyýewi,

Ahal welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Baharly etrap alyjylar jemgyýetiniň «Koopdaşarysöwda» birleşiginiň çörek bişiriji ussasy Berdimyrat Suhanlyýewi,

Mary welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Sakarçäge etrap alyjylar jemgyýetiniň aşpezi Şirinjemal Hapadyýewany,

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň Habar beriş we seljeriş bölüminiň baş hünärmeni Annajamal Begliýewany,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabatdaky Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky ýüpek fabriginiň pile saýlaýjysy Ogulgözel Agamyradowany,

Galla önümleri baradaky «Türkmengallaönümleri» assosiasiýasynyň «Aşgabatçörek» önümçilik birleşiginiň 1-nji çörek kärhanasynyň bölüminiň hamyr edijisi Orazbibi Abdyýewna Şirowany,

«Türkmenpagta» döwlet konserniniň Mary pagta arassalaýjy kärhanasynyň işçisi Döwletmyrat Gurbankulyýewi,

Aşgabat şäheriniň Azatlyk etrabynyň Ýaşaýyş jaý-ulanyş trestiniň uly hünärmen-hasapçysy Sadap Işangulyýewna Amanowany,

Aşgabat şäheriniň Prezident Nyýazow adyndaky etrap häkimliginiň Hojalyk hasaplaşykly abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň baş inženeri Gündogdy Baýramowy,

Aşgabat şäheriniň Prezidenti Nyýazow adyndaky etrap häkimliginiň Bagçylyk hojalygynyň bagbany Hallygözel Bäşimowna Ýagşyýewany,

Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Akmyrat Hudaýberdiýewi,

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Hurmantgökje» daýhan birleşiginiň çopany Orazmyrat Agalyýewi,

Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň «Durun» daýhan birleşiginiň mehanizatory Çaryýar Baýlyýewi,

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Şükür bagşy adyndaky daýhan birleşiginiň mehanizatory Baýramdurdy Mürçäýewi,

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň «Zähmet» daýhan birleşiginiň mehanizatory Kakamyrat Tatowy,

Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň «Tejen» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Bagtguly Hojaýewi,

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Hojanur Nazarowiç Nursähedowy,

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň «Bugdaýly» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Goçmyrat Jumaýewiç Gurbanmyradowy,

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň M. Amanow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Sapargül Naryýewna Sapardurdyýewany,

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň S. A. Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Myratgeldi Nurgeldiýewiç Oraznurowy,

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň «Purnuwar» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Muhy Taýtarowy,

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň mehanizatory Serdar Atagulyýewi,

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň S. A. Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ogulsapar Akgylyjowany,

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň «Balkan» daýhan birleşiginiň çopany Abdylalyl Çonakowy,

Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Baýathajy geňeşiniň arçyny Mämmetgurban Täçgurbanowy,

Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň «Çaloýuk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Aýmämmet Nurmämmedowiç Atamämmedowy,

Daşoguz welaýatynyň S. A. Nyýazow adyndaky etrabynyň «Şatlyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Jumagül Tazabaýewna Sabirowany,

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň A. Kakabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Bahargül Haljanowany,

Daşoguz welaýarynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň S.A. Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Täçsoltan Işangulyýewany,

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň «Nowruz» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Sapargül Amannazarowna Araşowany,

Daşoguz welaýatynyň Görogfy etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ogultagan Meläýewany,

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň N. Andalyp adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Annabibi Babanyýazowna Matnazarowany,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Pagtaçy» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Maýa Garlyýewna Kakabaýewany,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Hakykat» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Aýsoltan Atdaýewany,

Lebap welaýatynyň Birata etrap «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň kombaýnçysy Kadamjan Muzepberowiç Mahmudowy,

Lebap welaýatynyň Galkynyş etrap «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň kombaýnçysy Ikram Hemrakulyýewiç Joraýewi,

Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Miýesser Mamedowany,

Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň 2-nji pagtaçylyk kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy Ahmetjan Çaryýewiç Bazarowy,

Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň «Ýalkym» daýhan birleşiginiň 7-nji pagtaçylyk kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy Mametjuma Seýtiýewiç Beşimowy,

Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň «Daýhan» daýhan birleşiginiň 1 -nji pagtaçylyk kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy Meretguly Piriýewi,

Lebap welaýatynyň Halaç etrap «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň mehanizatory Agamyrat Taýyrowiç Tuwakowy,

Lebap welaýatynyň Atamyrat etrap «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň mehanizatory Akmyrat Kurtowiç Döwletowy,

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň «Burdalyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Jumadurdy Döwletowy,

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň «Görelde» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Akgül Jumaýewna Hudaýberenowany,

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Hakykat» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Halmyrat Akyýewi,

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň «Täze durmuş» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Amandursun Çaryýewany,

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň «Ýalkym» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Oguljennet Çüriýewany,

Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň «Serhetçi» daýhan birleşiginiň baş çopany Abdyrahman Akmämmedowy,

Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Dürsoltan Muhammedowna Gurdowany,

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň N.Gurbanmyradow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ilmyrat Sazyýewiç Ataýewi,

Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň «Gökhan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Begmyrat Amanberdiýewiç Mämmedowy,

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň «Ýeňiş» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Akbike Döwranowna Durdygyryjowany,

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň «Marçak» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ogulbike Garaýewany,

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň «Daýhan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Töremyrat Ýakubowiç Gulgeldiýewi.

Şulara Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly:

«Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri» diýen hormatly ady:

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmenburgaz» trestiniň Döwletabat burawlaýyş müdirliginiň başlygy Çarykuly Amanowa,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň başlygy Geldimämmet Saparowa;

«Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady:

«Türkmenhaly» döwlet paýdarlar korporasiýasynyň Baharly çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Oguljeren Begliýewa;

«Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty ministrliginiň «Türkmendaşlary» ýöriteleşdirilen döwlet kärhanasynyň Abadan kän müdirliginiň 2-nji owradyjy-saýlaýjy fabriginiň daş owradyjysy Gurbannazar Aşyrowa;

«Türkmenistanyň at gazanan oba hojalyk işgäri» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrliginiň «Garagumderýasuwhojalyk» birleşiginiň 8-nji «Garagumsuwhojalyk» dolanyşygynyň Taslama toparynyň hünärmeni Öwezmuhammet Nazarowa;

«Türkmenistanyň at gazanan ýer gurluşykçysy» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Ýer serişdeleri gullugynyň Ahal welaýat Ýer serişdeleri gullugynyň ýolbaşçysy Derýaguly Saparlyýewe;

«Türkmenistanyň at gazanan ykdysatçysy» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Durmuş taýdan üpjünçilik bölüminiň başlygy Aýsoltan Şamyradowa;

Türkmenistanyň «Altyn asyryň hünär ussady» diýen ady:

Türkmenistanyň Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynyň direktorynyň orunbasary Muhammetgeldi Ataýewe,

«Türkmenhaly» döwlet paýdarlar korporasiýasynyň Aşgabat çeper synag halyçylyk kärhanasynyň ussat halypa halyçysy Nurjemal Hudaýberdiýewna Berdiýewa.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhammedow

Aşgabat ş.

2007-nji ýylyň 20-nji oktýabry

№ PP-4894