P. Hamydowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
P. Hamydowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen
hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2007 ý., № 10, 723-nji madda)
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, agzybir halkymyzyň Altyn asyrynda gazanan uly döredijilik üstünlikleri, beýik Garaşsyzlygymyzy wasp edýän ruhubelent aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirýändigi üçin, Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň medeniýet köşgüniň aýdymçysy Pälwan Hamydowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhammedow
Aşgabat ş.
2007-nji ýylyň 10-njy oktýabry
№ PP-4878