D. Inerowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
D. Inerowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2007 ý., № 10, 719-njy madda)
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, agzybir halkymyzyň Altyn asyrynda gazanan uly döredijilik üstünlikleri, teleýaýlymlarda berilýän gepleşikleri ussatlyk bilen alyp barýandygy üçin, Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginiň «Altyn asyr: Turkmenistan» teleýaýlymynyň «Watan» habarlar gepleşiginiň redaktory Döwletgeldi Inerowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhammedow
Aşgabat ş.
2007-nji ýylyň 10-njy oktýabry
№ PP-4874