N. Hojamuhammedowa «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
N. Hojamuhammedowa «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2007 ý., № 10, 718-nji madda)
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, agzybir halkymyzyň Altyn asyrynda gazanan uly döredijilik üstünlikleri, beýik Garaşsyzlygymyzy wasp edýän ruhubelent aýdym-saz eserlerini döretmekde ýokary ussatlygy üçin, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Owaz» estrada orkestriniň baş dirižýory Nurygandym Hojamuhammedowa «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhammedow
Aşgabat ş.
2007-nji ýylyň 10-njy oktýabry
№ PP-4873