D. Muhammedowa «Türkmenistanyň halk suratkeşi» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
D. Muhammedowa «Türkmenistanyň halk suratkeşi» diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2007 ý., № 10, 717-nji madda)
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, agzybir halkymyzyň Altyn asyrynda gazanan uly döredijilik üstünlikleri, beýik Garaşsyzlygymyzy wasp edýän ajaýyp surat eserlerini ýokary ussatlyk bilen döredendigi, şeýle hem milli medeniýeti we sungaty söýýän ýaşlary terbiýelemekde bitiren işlerini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy, kulalçy Dursunsolmaz Muhammedowa «Türkmenistanyň halk suratkeşi» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhammedow
Aşgabat ş.
2007-nji ýylyň 10-njy oktýabry
№ PP-4872