Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Ý. Akyýewe «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Ý. Akyýewe «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Ý. Akyýewe «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2007 ý., № 10, 715-nji madda)

Baky Bitarap Turkmenistan döwletiniň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, agzybir halkymyzyň Altyn asyrynda gazanan uly döredijilik üstünlikleri, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti, teatr sahnasynda ata Watanymyzyň batly gadamlaryny wasp etmekde görkezen ýokary ussatlygy, şeýle hem milli medeniýeti we sungaty söýýän ýaşlary terbiýelemekde bitiren işlerini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň artisti Ýagşymyrat Akyýewe «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhammedow

Aşgabat ş.

2007-nji ýylyň 10-njy oktýabry

№ PP-4870