Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

M. Kulyýewa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

M. Kulyýewa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

M. Kulyýewa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2008 ý., № 10-12, 558-nji madda)

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň we onuň edermen halkynyň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny, ata Watanymyzyň milli medeniýetini we sungatyny ösdürmäge goşan uly şahsy goşandyny, gazanan ajaýyp üstünliklerini, ýaş nesillerimizi halal, merdana zähmetiň asyl nusgasynda terbiýelemekde bitiren uly işlerini, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken döredijilikli we tutanýerli zähmetini nazara alyp, karar edýärin:

Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewa iň ýokary tapawutlandyryş derejesini - Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmaly we oňa «Altyn aý» altyn medalyny gowşurmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2008 ý. oktýabr aýynyň 25-i

№ PP-5199