Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 17 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 17 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 17 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2008 ý., № 10-12, 557-nji madda)

Garaşsyz, hemişelik Bitarap berkarar Türkmenistan döwletimizde Täze galkynyş hem-de beýik özgertmeler eýýamynyň beýik maksatlaryndan ruhlanan halkymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 17 ýyllygyny uly joşgun we zahmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Agzybirlikde we jebislikde çekilýän zähmet, sazlaşykly geçirilýän, halkyň jana-jan bähbitlerine gönükdirilen jemgyýetçilik-syýasy we ykdysady özgertmeler ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni ösüşiň ýokary derejelerine ýetirdi. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, medeniýetde we sungatda, ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermekde, saglygy goraýyşda, Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmakda, kanunçylygy hem-de hukuk tertibini berkitmekde uly üstünlikler gazanyldy.

Watanymyzyň geljegi, ilimiziň bagtyýarlygy we abadançylygy üçin ägirt uly ähmiýeti bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasynyň kabul edilmegi halkymyzy Garaşsyzlygymyzyň ýeňişli ýolunyň, ajaýyp döwrüň-Beýik özgertmeler eýýamynyň täze belentliklerine galkyndyrdy.

Gazanylýan şu ajaýyp üstünliklerde çekýän halal, janaýamazakly, asylly zähmeti bilen Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halk bähbitli maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine önjeýli goşantlaryny goşýan merdana adamlarymyzyň uly paýy bar.

Türkmenistanyň özbaşdaklygyny we garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga, ykdysadyýetiniň gülläp ösmegine, önümçiligiň netijeliliginiň ýokarlanmagyna, durmuş taýdan üpjünçiligiň has-da gowulandyrylmagyna, medeniýetimiziň, sungatymyzyň, ylmyň, bilimiň hem-de saglygy goraýşyň ösmegine goşan saldamly goşantlary üçin hem-de döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de tutanýerli zähmetini, ýokary hünär ussatlygyny, gazanýan ýokary üstünliklerini nazara alyp, şeýle hem baky Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 17 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Şulary Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň III derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen:

S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasynyň müdiri Tagan Annagulyýewi,

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň artisti Oguljeren Işangulyýewany;

«Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdiri Gözel Şagulyýewany,

Anal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň «Tejen» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Atamyrat Ilamanowy;

Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen:

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Geografiýa kafedrasynyň uly mugallymy Amanguly Magtymowy,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D. Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň halk tansy mugallymy Gülbahar Orazowna Musaýewany,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Roza Saparowna Töräýewany;

Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen:

Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginiň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň studiýa we dublýaž bölüminiň redaktory Sona Saparowna Ýazowany,

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň artisti Çary Berdiýewi,

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň artisti Muhammet Caryýewiç Bekiýewi;

Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen:

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Taryh institutynyň bölüm müdiri Nurgözel Saryýewna Bäşimowany,

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň Zähmeti we ýerasty baýlyklary goramak bölüminiň uly döwlet inspektory Ezizimyrat Esenmyradowiç Amanowy,

S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Suw desgalarynyň gurluşygy kafedrasynyň müdiri Italmaz Saparlyýewi,

S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Mallaryň kesellerini anyklamak we bejermek kafedrasynyň dosenti Gara Baýmyradowy,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagary ministrliginiň Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň Ylmy-guramaçylyk usulyýet bölüminiň müdiri Öwezdurdy Hummedowy,

Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan Milli golýazmalar institutynyň golýazmalar hazynasynyň jogapkär gözegçisi Maman Öwlüýägulyýewany,

Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň Gaz pudagyny seljeriş we geljekki ösüşini anyklaýyş müdirliginiň baş hünärmeni Kerim Kömekowy,

Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginiň «Miras» radioýaýlymynyň «Beýik Türkmenbaşynyň nesli» bölüminiň redaktory Nurjahan Durdyýewna Saparowany,

«Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdiri Süleýman Ilamanowy,

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň Arassalaýyş we abadanlaşdyryş işleri boýunça jemagat-önümçilik birleşiginiň daşary ýurt tehnikasyna seredýän bölüminiň başlygy Hallybek Ahmedowy,

Aşgabat şäherindäki G. Ezizow adyndaky 29-njy orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Öre Sapaýewi,

Aşgabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň matematika mugallymy Aýjemal Garaýewany,

Aşgabat şäherindäki 45-nji orta mekdebiň zähmet mugallymy Halyma Baýlyýewany,

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Ahalnebitgazgözleg» müdirliginiň Önümçilik-tehniki bölüminiň başlygy Orazmyrat Kakabaýewi,

Türkmenistanyň Gurluşyk materiallary senagaty ministrliginiň «Türkmendaşlary» önümçilik birleşiginiň Gökdepe Kän müdirliginiň 9-njy owradyp-saýlaýjy fabriginiň sürüjisi Orazmuhammet Hudaýberdiýewiç Ataýewi,

Ahal welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Ak bugdaý etrap Gämi azyk kombinatynyň çörek bişirijisi Aýnabat Garabaýewany,

Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň fizika mugallymy Allanur Halymowy,

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Şükür bagşy adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Täçmyrat Öwezowiç Soltanmyradowy,

Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň «Bagyr» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Jumadurdy Şadurdyýewi,

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Suw hojalyk önümçilik dolanyşygynyň Suw desgalaryny sazlaýjy bölüminiň başlygy Rejep Çaryýewi,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň buraw başlygy Mirguly Nedirowiç Mirgulyýewi,

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki türkmen-türk mekdebiniň taryh mugallymy Sarja Hojanyýazowy,

Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň «Ajyýap» daýhan birleşiginiň brigadiri Allamyrat Ataýewi,

Balkan welaýatynyň Serdar etrabyndaky M. Garaýew adyndaky 5-nji orta mekdebiň taryh mugallymy Amansoltan Mämiýewany,

Daşoguz welaýatynyň S. A. Nyýazow adyndaky etrap «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň Dostluk bölüminiň mehanizatory Kadambaý Abdullaýewi,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň mehanizatory Koşekbaý Saparowy,

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrap «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň mehanizatory Jumageldi Şyhyýewi,

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Lebap welaýatynyň Atamyrat etrap Statistika bölüminiň başlygy Magtymguly Omirowy,

«Türkmendeňizderýaýollary» müdirliginiň «Derýaýollary» önümçilik birleşiginiň Türkmenabat ulanyş bölüminiň «Gaýrat» gämisiniň kapitany - nobatçy mehanigi Rozynazar Durdygulyýewiç Hudaýberdiýewi,

«Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň Mary welaýat Gara ýollary ulanyş müdirliginiň awtogreýderçisi Aman Durdyýewiç Muhammedowy,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Şatlykburawlaýyş» müdirliginiň burawlaýjy ussasy Sapardurdy Nurgeldiýewi,

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndaky 47-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Azym Salyhowiç Ahmedowy,

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň müdiri Gurban Töräýewi;

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen:

Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň Durmuş-medeni ulgamy we ylmy maliýeleşdiriş müdirliginiň başlygy Marat Ýusupowiç Gulmyradowy,

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Işgärleri taýýarlaýan we hukuk üpjünçiligi hem-de daşary ýurtdan gelýän raýatlary resmileşdirmek bölüminiň baş hünärmeni Aýjamal Akmyradowany,

«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň «Türkmenistan» howa ulaglary kärhanasynyň Uçarbeletler gullugynyň uçarbelet instruktory Döwran Orazmuhammedowiç Döwletmämmedowy,

«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň «Türkmenistan» howa ulaglary kärhanasynyň 3-nji awiaeskadrilýasynyň «Boeing-717/200» howa gämisiniň serkerdesi Babamurat Kudratowiç Jumaýewi,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň Tehniki merkeziniň esasy inženeri Kuli Illiýewiç Ryzaýewi,

Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň «Türkmenmaşyngurluşyk» konserniniň «Türkmenkabel» döwlet kärhanasynyň tehniki bölüminiň başlygy Amangeldi Kebaýewiç Hojaýewi,

Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň «Arkaçgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 4-nji gurluşyk müdirliginiň suwagçysy-reňkleýjisi Bibi Hajyýewany,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Türkmenistanyň, Merkezi Aziýa we Gündogar halklarynyň medeni mirasy döwlet institutynyň esasy ylmy işgäri Tirkeş Hojanyýazowy,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň eserleriniň doly ýygyndysyny taýýarlamak we neşir etmek bölümçesiniň müdiri Aleksandr Aleksandrowiç Ýeskowy,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Amaly matematika kafedrasynyň professory Amangeldi Garajaýewi,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň S. A. Nyýazow adyndaky ahalteke atçylyk athanasynyň seýsi Halmyrat Begmyradowiç Babaýewi,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde döwlet syrlaryny goramak baradaky komitetiň redaktory Sähet Ýolowy,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň ofset önümhanasyň çapçysy Demirguly Hudaýberdiýewi,

Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginiň "Altyn asyr: Türkmenistan" teleýaýlymynyň «Watan» habarlar gepleşiginiň redaktory Gülnabat Jumamyradowna Öwezowany,

Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginiň «Watan» radioýaýlymynyň redaktory Mergen Annamuhammedowiç Annamuhammedowy,

Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň Halkara gatnaşyklaryny seljeriş müdirliginiň başlygynyň orunbasary Döwletberdi Meredowiç Gurbanowy,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň energetika işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy Jumanazar Garajaýewi,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Mukaddes Ruhnama merkeziniň ýolbaşçysy Gülara Orazbaýewna Akjigitowany,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Aşgabat ýolagçy we ýük wagon deposynyň ýolagçy otlularyny abatlaýyş-ýola taýýarlaýyş bölüminiň uly ussasy Orazsähet Annaýewi,

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň 6-njy awtotoplumynyň sürüjisi Seýitnepes Nepesmyradow Kurkurowy,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki «Ahal» tikinçilik birleşiginiň tikinçisi Oguldurdy Glyçewany,

Aşgabat şäher Trawmatologiýa we gaýragoýulmasyz hirurgiýa hassahanasynyň Toroko-abdominal bölüminiň müdiri Agageldi Arslanowy,

Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlary mekdebiniň taryh mugallymy Maýagözel Ýazlyýewna Sahydowany,

Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky ýöriteleşdirilen orta mekdebiň himiýa-biologiýa mugallymy Sapargeldi Kakyşowiç Durdyýewi,

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň Kommunal hojalygy birleşiginiň «Şäherzeýsuw» müdirliginiň slesary Nyýazdurdy Çaryýewi,

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň Arassalaýyş we abadanlaşdyryş işleri boýunça jemagat-önümçilik birleşiginiň sürüjisi Amangeldi Akmämmedowy,

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň «Aşgabatagyzsuw» trestiniň baş tehnology Waleriý Nurowiç Mämmedowy,

Aşgabat şäheriniň Azatlyk etrabynyň häkimliginiň Bagçylyk hojalygynyň ussasy Walentina Iwanowna Proswirinany,

Aşabat şäheriniň Arçabil etrabynyň önümçilik kommunal kärhanasynyň sürüjisi Gurbangeldi Abalakowy,

Aşgabat şäheriniň Prezident Nyýazow adyndaky etrabynyň häkimliginiň Bagçylyk hojalygynyň bagbany Ogulgerek Triýewany,

Aşgabat şäheriniň Çandybil etrabynyň häkimliginiň daş-töweregi abatlaýyş işleri boýunça işçisi Baýramguly Rejepowy,

«Türkmegeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Ahal gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň gidrogeology Ogulgerek Rahmanowna Taganowany,

Ahal welaýat Köpugurly hassahanasynyň Rentgen bölüminiň müdiri Hojamguly Beşerowy,

«Ahalobahyzmat» paýdarlar jemgyýetiniň Altyn asyr etrap «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň mehanizatory Bäşim Mommyýewiç Meläýewi,

«Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň Abadandaky ýol gurluşyk önümleri kombinatynyň daş döwüjisi Handurdy Daňatarowy,

«Türkmenpagta» döwlet konserniniň Kaka pagta arassalaýjy kärhanasynyň ussasy Nurýagdy Jumaýewi,

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Ruhabatgurluşyk» ýöriteleşdirilen gurluşyk kompaniýasynyň sürüjisi Döwletgeldi Baýmyýewi,

Türkmenistanyň Uruş weteranlarynyň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky guramasynyň Sarahs etrap geňeşiniň başlygy Şyhy Döwletowy,

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Bugdaýly» tejribe-tohumçylyk daýhan birleşiginiň kärendeçisi Atabaý Oraznyýazowy,

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Ý. Gurbanow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gurbandurdy Nurberdiýewi,

Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň «Keletdag» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Çary Aşyrberdiýewi,

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Şorgala» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ogulaman Dawitgulyýewna Bäbiýewany,

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Gökdepe» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gurbanjahan Hommadowna Kürtowany,

Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy Bally Aýdogdyýewi,

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Oguljemal Hangulyýewany,

Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň «Balkanenergo» önümçüik birleşiginiň Aragatnaşyk we hasaplaýyş tehniki gullugynyň laboratoriýasynyň elektromontýory Halbibi Rejepowna Işanowany,

Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň «Balkangurluşyk» önümçilik birleşiginiň 1-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň santehniki işleriniň gurnaýjysy Ýazmämmet Arazmämmedowiç Nuryýewi,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň operatory Allanazar Allanazarowy,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Ýöritenebitgurnamagurluşyk» trestiniň Gurluşyk-gurnama dolandyryş edarasynyň kebşirleýjisi Güýçgeldi Myradowiç Annageldiýewi,

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Balkannebitgazgurluşyk» trestiniň 2-nji gurluşyk-gurnama dolandyryş edarasynyň reňkleýjisi Araztagan Nurberdiýewi,

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň tehnologiýa desgalarynyň operatory Ýegenmämmet Garajaýewi,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Balkanabat» ýod zawodynyň önümçilik-tehniki bölüminiň esasy hünärmeni Söýün Agoýlyýewi,

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Ýyladyş ulgamlary direksiýasynyň ussasy Nurjan Gurbannazarowy,

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň taryh mugallymy Bibisoltan Salyhowna Gulyýewany,

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň S. A. Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Pihamberguly Bekjäýewi,

Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Sadyk Halimowiç Sadykowy,

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy kärhanasynyň işçisi Sapargeldi Tüýliýewi,

Balkan welaýat «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Serdar galla önümlerini kabul ediş kärhanasynyň agronomy Ýazgeldi Agamämmedowiç Toýçyýewi,

Balkan welaýat «Türkmenmallary» paýdarlar jemgyýetiniň Serdar etrabyndaky «Gyzylarbat» daýhan birleşiginiň çopany Perman Ilamanowiç Hallygulyýewi,

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Gazan hojalygy we ýyllyk ulgamlarynyň birleşdirilen direksiýasynyň başlygy Myrat Nuryýewiç Ýazmuhammedowy,

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň «Dostluk» daýhan birleşiginiň kärendeçi çopany Gylyçdurdy Myradowy,

Balkan welaýatynyň Hazar şäher hassahanasynyň Saglyk öýüniň lukmany Bibi Patma Agozowany,

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Daşoguz welaýatyndaky Gaplaňgyr döwlet goraghanasynyň baş döwlet inspektory-gorag başlygy Esen Halmeredowy,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Serdar» pagta egriji fabriginiň pagta önümhanasynyň brigadiri Döwletmyrat Aşirowy,

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň buraw stanogynyň maşinisti Jumabaý Nuryýewiç Nuryýewi,

«Daşoguzgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 10-njy gurluşyk-gurnama müdirliginiň işçisi Tirkeş Ýalkapowiç Seýidowy,

Daşogzuň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artisti Hudaýberdi Baýryýewi,

Daşoguz welaýat «Türkmenmallary» paýdarlar jemgyýetiniň Akdepe etrabyndaky «Döwletli» maldarçylyk daýhan birleşiginiň baş kärendeçi çopany Töre Gurbangeldiýewiç Abaýewi,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap hassahanasynyň Iç keselleri bölüminiň müdiri Annagül Gaipowany,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap hassahanasynyň Hirurgiýa bölüminiň lukmany Nurmuhammet Hallyýewi,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Durdy Gylyç adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Täzegül Kakaýewany,

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy Enegül Kazakowna Wellekowany,

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrap «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň mehanizatory Begenç Kadyrowiç Pasanowy,

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrap «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň ussahanasynyň müdiri Rejepgeldi Orazgeldiýewi,

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň «Agzybirlik» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Şanur Şihiýewi,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Pagtaçy» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Seýitjan Rejepmädowy,

Daşoguz welaýatynyň S. A. Nyýazow adyndaky etrabynyň «Şatlyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Bekimat Reýimowy,

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrap «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň mehanizatory Allabaý Jumageldiýewiç Arazgeldiýewi,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň gazy çykarmak we ugratmak boýunça Naýyp liniýa önümçilik böleginiň operatory Gadam Kasymowiç Kakaýewi,

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Köýtendag geologiýa-gözleg ekspedisiýasynyň burawlaýjy ussasy Paýzulla Ibraýimowiç Ibraýimowy,

Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrliginiň «Garagumderýagurluşyk» önümçilik birleşiginiň «Garagumsakagurluşyk» önümçilik dolanşygynyň «Başsakagurluşyk» bölüminiň topar başlygy Döwletmyrat Seýitnyýazowy,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenabat tikin fabriginiň tejribe önümhanasynyň ýolbaşçysy Maýa Jumadurdyýewna Orazowany,

Lebap welaýat Baş ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň Jemleýji ykdysady ösüş seljeriş we çaklaýyş bölüminiň başlygy Lýudmila Alekseýewna Paninany,

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 7-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Ogulsapar Öwezowany,

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Ýaşaýyş jaýlaryny ulanyş dolandyryşynyň bejeriş-gurluşyk bölüminiň kerpiç örüjisi Italmaz Kurbanowiç Komekowy,

Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Annamyrat Kerimberdiýewiç Kadyrowy,

Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrap «Suwhojalyk» önümçilik dolanşygynyň Hojambaz-1 bölüminiň maşinisti Tagan Durdalyýewi,

Lebap welaýatynyň Birata etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Mahym Isgenderowna Pirliýewany,

«Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň Galkynyş etrabyndaky 16-njy gurluşyk -gurnama müdirliginiň awtokrançysy Muhammetjan Ibragimowy,

Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň «Daýhan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ýagşymyrat Durdyýewi,

Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrap hassahanasynyň lukmany Muhammet Baltaýewi,

Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň mehanizatory Jorakuly Setdarowy,

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň mehanizatory Akmyrat Saparowy,

Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gözel Annakulyýewna Jumaýewany,

Lebap welaýatynyň Seýdi şäheriniň «Gabakly» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Nazira Taşowany,

Lebap welaýatynyň alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Serdarabat etrap Hojagala alyjylar jemgyýetiniň konditeri Narkuly Jumakowy,

Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Salamat Ereşowany,

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň 4-nji kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy Ogulsabyr Nazargulyýewna Durdykulowany,

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň S. A. Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Akmyrat Rozymuradowy,

Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasynyň «Maryşeker» açyk görnüşli paşdarlar jemgyýetiniň hünärmeni Çarygeldi Öwezberdiýewiç Suwhanowy,

Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň «Marygurluşyk» önümçilik birleşiginiň 4-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň awtokrançysy Gylyçmyrat Baýramowiç Hüllükowy,

Marynyň ýüňi ilkinji işleýän kärhanasynyň işçisi Amantäç Şamyradowany,

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artisti Nurbibi Ataýewna Nazarowany,

Mary welaýatynyň Mary şäheriniň «Margiana» medeniýet köşgüniň başlygy Walentina Mardikowna Atamyradowany,

«Maru-Şahu-Jahan» welaýat gazetiniň uly habarçysy Artyk Baljyýewi,

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Ýer serişdeleri gullugynyň baş hünärmeni Täçmuhammet Nazarowy,

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň J. Atajanow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Altyn Ataýewany,

Mary welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Garagum etrap alyjylar jemgyýetiniň 1-nji naharhanasynyň aşpezi Abdylkasym Öwetdiýewiç Mämmedowy,

Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň «Baýramaly» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Öwezgeldi Mommadowy,

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň matematika mugallymy Agasapar Çaryýewiç Hojaýewi,

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň G. Azalow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Aýnagözel Meredowna Baýramowany,

Mary welaýatynyň Murgap etrap «Murgapsuwhojalyk» dolanyşygynyň tehnigi-mehanigi Garýagdy Gurrowowy,

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň «Gyzylgum» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Jumagözel Hommakowna Esenowany,

Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň «Galaýmor» daýhan birleşiginiň -kärendeçisi Agahan Seýdiýewiç Öwezowy,

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň «Marçak» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ýazbike Gurbanmyradowany,

Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Rejepgül Rozyýewany,

Mary welaýatynyň Şatlyk şäherçesindäki ýöriteleşdirilen mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Sahyt Orazalyýewi;

Şulara Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly:

«Türkmenistanyň halk mugallymy» diýen hormatly ady:

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasy kafedrasynyň dosenti Atajan Altyýewiç Burynowa,

Türkmen politehniki institutynyň Kärhanalarda ykdysadyýet we dolandyryş kafedrasynyň dosenti Ata Geldiýewiç Annaýewe;

«Türkmenistanyň halk lukmany» diýen hormatly ady:

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiriniň bejeriş-keseliň öňüni alyş kömegini guramak boýunça orunbasary Sona Agajanowna Annaniýazowa;

«Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň «Näzli» tans toparynyň ýolbaşçysy Ýelena Aleksandrowna Dormidontowa,

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň medeni-işewürlik merkeziniň halk saz gurallary toparynyň çeper ýolbaşçysy Baýrammyrat Saryýewiç Söýünowa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň saz bölüminiň müdiri Daňatar Baýramowiç Hydyrowa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň aýdymçy-artisti Annagurban Annarejepowa,

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň aýdymçysy Myratgeldi Baýramgeldiýewe,

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň aýdymçysy Gülnar Orazgylyjowna Nuryýewa,

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sazandasy Gurban Baýramdurdyýewiç Gurbanowa,

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň aýdymçysy Akmuhammet Hanowa,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň okuw işleri boýunça prorektory Baýramdurdy Hudaýgulyýewe,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kirişli saz gurallary kafedrasynyň uly mugallymy Aşyr Hojatowa,

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň sahna ussady Aşyrmyrat Gurbanowa,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Ene Baýramberdiýewa,

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik toparynyň aýdymçysy Laçynbibi Hudaýnazarowna Mämmedowa;

Ahal welaýatynyň Abadan şäher Medeniýet bölüminiň baş hünärmeni Şaguly Allaberdiýewe,

Balkan welaýat Medeniýet müdirliginiň medeniýet merkeziniň hormeýstri Rejepguly Annameredowiç Kerimowa,

Maty welaýatynyň Mary şäheriniň bagşylar öýüniň çeper ýolbaşçysy Kakageldi Kerimowiç Çaryýewe,

Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäherçesiniň medeniýet merkeziniň medeni çäreleri guraýjysy Suwhanberdi Orazberdiýewe;

«Türkmenistanyň halk suratkeşi» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky milli muzeýiniň direktory Öwezmuhammet Mämmetnurowa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Saragt Babaýewe,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Muhammetmyrat Goçmyradowa,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, suratkeş Wera Geldiýewna Gyllyýewa;

«Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen hormatly ady:

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Tüýli Otuzowa,

Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabyndan bagşy Seýitmyrat Ýazmyradowa;

«Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri»

diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky ýokary Geňeşiň Ylmy ugurlary çaklaýyş we halkara gatnaşyklarynyň ösüşi bölüminiň başlygy Orazmämmet Gurbanowiç Wasowa;

«Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Daşoguz şäherindäki Ýol maşyn kärhanasynyň ýol montýory Geldimyrat Bäşowiç Garaýewe;

«Türkmenistanyň at gazanan uçarmany» diýen hormatly ady:

«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň Uçuşlary ulanmak bölüminiň başlygy, «Boeing-757», «Boeing-767» uçarlarynyň serkerdesi Hojadurdy Caryýewiç Sylapowa,

«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň «Türkmenistan» howa ulaglary kärhanasynyň 4-nji awiaeskadriliýasynyň serkerdesiniň orunbasary, «S-92» dikuçarynyň serkerdesi Andreý Ýurýewiç Graborowa;

«Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady:

Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan Milli golýazmalar institutynyň bölüm müdiri Şirinjemal Geldiýewa,

Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginiň baş teleoperatory-bölüm müdiri Çapar Muhammetgulyýewe,

Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginiň «Altyn asyr: Turkmenistan» teleýaýlymynyň teleoprtatowy Ýusup Gurbangeldiýewe,

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň milli medeniýet merkeziniň baş direktory Tuwakbibi Gurbanowna Durdyýewa,

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň artisti Gowşutgeldi Ýagdyýewiç Daňatarowa,

Daşogzuň Nurmuhämmet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň baş ýolbaşçysy Faýzulla Eminowa;

«Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň artisti Gülälek Muhammetorazowna Akmyradowa,

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň artisti Hojadurdy Ýegendurdyýewe,

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň artisti Haýtmyrat Kakyşowiç Durdyýewe,

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň artisti Oguljan Bekiýewa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň aýdymçy artisti Halbeýke Dowyýewa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň aýdymçy artisti Bibijemal Muhammedowna Amanowa,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň «Altynmeňzil» folklor etnografiýa studiýasynyň baş ýolbaşçysy Läle Gylyçmyradowna Begnazarowa,

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Altyn asyr» orkestriniň baş dirižýory Omar Mamatowiç Igamowa,

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sazandasy Hakberdi Allamyradowa,

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň aýdymçysy Zöhre Arslanowna Gurtnyýazowa,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy Ýazgeldi Pirmedowa,

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor toparynyň çeper ýolbaşçysy Ogulbibi Esenowna Reýimowa,

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçysy Eneş Rejepowa,

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor toparynyň sazandasy Allaberdi Ataýewe,

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň medeni-işewürlik merkeziniň halk saz gurallary toparynyň sazandasy Tagan Taganowa,

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Medeniýet bölüminiň müdiri Amanbibi Amangeldiýewna Mämmedowa,

Aşgabat şäherinden aýdymçy Aýna Baýramdurdyýewna Nuryýewa,

Aşgabat şäherinden aýdymçy Annagurban Ylýasowa,

Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginiň «Joşgun» orkestriniň aýdymçysy Döwran Nurýagdyýewe,

Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginiň Ahal welaýat habarçylar bölüminiň redaktory Mährigözel Begmyradowna Goçowa,

Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň «Ahal öwüşginleri» folklor tans toparynyň konsert goýujysy Ogulgerek Sähedowna Gurbanowa,

Ahal welaýatynyň medeniýet merkeziniň aýdymçysy Parahat Amandurdyýewe,

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň medeniýet merkeziniň hünärmeni Döwran Saparowa,

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň medeniýet merkeziniň halk drama teatrynyň artisti Öwezmuhammet Meredowa,

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň medeniýet merkeziniň halk drama teatrynyň artisti Annagylyç Hojamberdiýewiç Çaryýewe,

Daşogzuň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň önümçilik tejribe müdiri Gurbanbaý Atabaýewe,

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Ýüpek önümçilik birleşiginiň Ruhnama merkeziniň aýdymçysy Dilber Rahmanowa,

Mary welaýatynyň Mary şäheri boýunça döwlet salgyt gullugynyň 1-nji derejeli hünärmeni Sahydursun Aşyrowna Garajaýewa,

Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinden sazanda Atamyrat Daňatarowiç Nuryýewe,

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň medeniýet merkeziniň direktory Çaryýar Meredowiç Saparmyradowa;

«Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň direktory Ahatmyrat Ýagmyrowiç Nuwwaýewe,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, suratkeş Babageldi Owganowa,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, suratkeş Jumadurdy Amandurdyýewe;

«Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti» diýen hormatly ady:

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň nemes we fransuz dilleri kafedrasynyň müdiri Kyýasmuhammet Agaýewe;

«Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri» diýen hormatly ady:

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Umumy matematiki we matematiki derňew kafedrasynyň professory Sapar Aşyrowa;

Türkmenistanyň «Altyn asyryň hünär ussady» diýen ady:

«Türkmenhaly» döwlet paýdarlar korporasiýasynyň Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Maral Marsowna Orazowa,

Türkmenistanyň Milli karate-do federasiýasynyň başlygy Ýaşuzak Ismailowiç Mämmetnazarowa.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2008 ý. oktýabr aýynyň 24-i

№ PP-5198