Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Lu Guýçeni Türkmenistanyň "Watana bolan söýgüsi üçin" medaly bilen sylaglamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Lu Guýçeni Türkmenistanyň "Watana bolan söýgüsi üçin" medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Lu Guýçeni Türkmenistanyň "Watana bolan söýgüsi üçin" medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2008 ý., № 9, 517-nji madda)

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çeken önjeýli zähmeti, Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga hem-de türkmen we hytaý halklarynyň gadymdan gelýän dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Lu Guýçeni Türkmenistanyň "Watana bolan söýgüsi üçin" medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2008 ý. sentýabr aýynyň 03-i.

№ PP-5164