Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň "Watana bolan söýgüsi üçin" medaly bilen sylaglamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň "Watana bolan söýgüsi üçin" medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň "Watana bolan söýgüsi üçin"

medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2008 ý., № 8, 461-nji madda)

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň goranyş ukybyny pugtalandyrmaga, döwlet serhedini berkitmäge, türkmen halkynyň asudalygyny goramaga goşan şahsy goşandy üçin:

polkownik Jumamyrat Taganowiç Orazowy,

podpolkownik Baýrammyrat Amanmyradowiç Saparmyradowy,

gullukçy Allaşükür Öwezowy Türkmenistanyň "Watana bolan söýgüsi üçin" medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2008 ý. awgust aýynyň 06-sy.

№ PP-5141