Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

G. I. Neýmarky Türkmenistanyň III derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

G. I. Neýmarky Türkmenistanyň III derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

G. I. Neýmarky Türkmenistanyň III derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2008 ý., № 5, 350-nji madda)

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, agzybir halkymyzyň Altyn asyrynda gazanan uly döredijilik üstünlikleri, Beýik Galkynyş zamanamyzda amala aşyrylýan uly özgertmeleri we ösüşleri wasp edýän ajaýyp saz eserleriniň ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirilmegine halypalyk edýändigi üçin, şeýle hem milli medeniýetimizi we sungatymyzy söýýän ýaşlary terbiýelemekde bitiren işlerini we uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň halk artisti Garold Isaakowiç Neýmarky Türkmenistanyň III derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhammedow

Aşgabat ş.

2008-nji ýylyň 7-nji maýy

№ PP-5089