Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşine mynasyp goşant goşan daşary ýurt raýatlaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşine mynasyp goşant goşan daşary ýurt raýatlaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2009 ý., № 10, 507-nji madda)
Berkarar Türkmenistan döwletimiziň özbaşdaklygyny we garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga, halkara abraýyny ýokarlandyrmaga, ýurdumyzda ylmy we bilimi ösdürmäge goşan saldamly goşantlary üçin hem-de Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň öňünde bitiren uly hyzmatlaryny, doganlyk-dostluk gatnaşyklaryny ösdürmekde gazanan ýokary üstünliklerini göz öňünde tutup, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 18 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:
Şu daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamaly:
Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan
beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen:
Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň Antropologiýa we etnologiýa institutynyň uly ylmy işgäri, professor Wiktor Iwanowiç Sarianidini;
Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen:
Halkara Türkmen-türk uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory Zeki Pektaşy;
Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen:
BMG-niň sekretariatynyň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamentiniň sektor ýolbaşçysy Alekseý Anatolýewiç Tihomirowy,
Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň geňeşçisi Sultan-Zade Wahdet Mamed aga ogluny.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.
2009 ý. oktýabr aýynyň 19-y.
№ PP-5449