Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 18 ýyllygynyň şanly baýramy mynasybetli hormatly atlary dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 18 ýyllygynyň şanly baýramy mynasybetli hormatly atlary dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 18 ýyllygynyň şanly baýramy mynasybetli hormatly atlary dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2009 ý., № 10, 489-njy madda)

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Täze galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda durmuşyň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Beýik ruhy galkynyşy başdan geçirýän halkymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň şanly 18 ýyllyk baýramyny uly joşgun we zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar.

Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, medeniýeti we sungaty ösdürmekde, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň taryhyny öwrenmekde, bu ugurda gazanylan üstünlikleri wagyz etmekde, dünýä bileleşigi bilen medeniýet babatda hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem ajaýyp üstünlikler gazanylýar. Medeniýet we sungat işgärlerimiz Watanymyzy, edermen, zähmetsöýer halkymyzy, Diýarymyzyň gözel tebigatyny, Täze galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikleri wasp edýän ajaýyp eserleri döredýärler we halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan medeniýetini, sungatyny dünýä ýaýýarlar.

Täze galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda medeniýetimiziň, sungatymyzyň, ylmyň hem-de bilimiň ösmegine goşan saldamly goşantlary, joşgunly zehinleri üçin hem-de döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, tutanýerli zähmetini, kämil hünär ussatlygyny, gazanýan ýokary üstünliklerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsylyk gününiň 18 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Şulara Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly:

«Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Nebit-gaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkeziniň bagşysy Kyýas Gurbandurdyýewiç Durdyýewe,

Türkmenistanyň Nebit-gaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkeziniň bagşysy Parahat Annagurbanowiç Şihimowa,

Ahal welaýatynyň Abadan şäheriniň medeniýet merkeziniň baş režissýory Pälwan Meredowiç Hamydowa,

Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň baş dirižýory Orazgeldi Berdiýewe,

pensioner Ogulbagyt Annaýewa,

Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginiň «Watan» radioýaýlymynyň diktory Oguldöwlet Çaryýewa,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň mugallymy Şemşat Kakyşewna Hojaýewa,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň Halk saz gurallary kafedrasynyň dosenti Begmyrat Gutlymyradowa,

Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginiň «Owaz» radioýaýlymynyň aýdym-saz bölüminiň redaktory Amanbibi Berkeliýewna Welmyradowa,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Ata Ilamanowa,

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň ýokary derejeli kinorežissýory Kakow Orazsahatowa,

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň artisti Oraz Baýramowa,

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň artisti Amangeldi Sapardurdyýewe,

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň artisti Gulmyrat Agabaýewe,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Teatr sungaty fakultetiniň Režissura we teatr öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Orazmyrat Gummadowa,

A. Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty hem-de aýdym-saz mugallymy Gurbanguly Nuryýewe,

Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň ýokary derejeli aýdymçysy Annaguly Aşyrgeldiýewiç Myratdurdyýewe,

Mary welaýat halk döredijilik merkeziniň aýdym-saz toparynyň ýolbaşçysy, baş dirižýory Mirgeldi Atamyradowiç Işangulyýewe,

Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sazandasy Hakberdi Allamyradowa,

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň artisti Anna Taganowiç Meläýewe,

Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginiň «Watan» radioýaýlymynyň redaktory Magtymguly Myşşyýewe,

Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň medeniýet merkeziniň « Ak telpek» çagalar tans toparynyň çeper ýolbaşçysy Annamuhammet Repowa,

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň kinorežissýory Saparmyrat Ödäýewe;

«Türkmenistanyň halk suratkeşi» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Annadurdy Almämmedowa,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin heýkeltaraş Amandurdy Meredowa,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, heýkeltaraş Welmyrat Kaýumowiç Jumaýewe,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin heýkeltaraş Meretdurdy Annagulyýewe,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Annaguly Hojagulyýewe,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Hally Annaçaryýewe,

erkin suratkeş Seýitguly Artykmämmedowa;

«Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen hormatly ady:

pensioner Hojaguly Diwanaýewe,

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň bagşyçylyk hünäriniň mugallymy Gurbandurdy Öwezowa;

«Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri»

diýen hormatly ady:

Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-intematynyň ýokary derejeli dutar mugallymy Amanöwez Saparowa,

Balkan welaýatynyň Hazar şäheriniň medeniýet merkeziniň çeper ýolbaşçysy Söýünmämmet Hudaýberdiýewe,

Mary welaýat birleşen muzeýiniň direktory Töre Ödenyýazowiç Nobatowa,

Balkan welaýatynyň Hazar şäheriniň medeniýet bölüminiň müdiriniň orunbasary Oraztäç Hojamowna Ylýasowa,

«Diýar» žurnalynyň jogapkär kätibi Dörtguly Aşyrowiç Mämejikowa,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň saz nazaryýeti bölüminiň mugallymy Mämmetsapar Toýlyýewe,

Balkan welaýatynyň medeniýet merkeziniň müdiri Nurgözel Gozlyýewa;

«Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri»

diýen hormatly ady:

Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginiň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň teleoperatory Annamyrat Annageldiýewe,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň Halk saz gurallary kafedrasynyň mugallymy Muhammetdurdy Pälwanowiç Muhammetnyýazowa,

Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň «Serdara serpaý» döredijilik toparynyň baş ýolbaşçysy Myratgeldi Baýramberdiýewe,

Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň bölüm müdiri Wýaçeslaw Genrihowiç Maýkowskä,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Grafika kafedrasynyň mugallymy Oraz Aýdogdyýewiç Agabaýewe,

Ahal welaýatynyň Abadan şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Amanmyrat Çaryýewe,

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Batyr Joraýewiç Soltanowa,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin dörediji Meret Gylyjowa,

Türkmenistanyň Beyik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Saparmämmet Meredowa,

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik toparynyň ýokary derejeli artisti Arslan Çaryýewiç Babaýewe,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň Sazyň nazaryýeti kafedrasynyň uly mugallymy Suhan Allyýewiç Tüýliýewe,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D. Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Gözel Ýolamanowna Hummaýewa,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň hor mugallymy Aknur Saparowna Hojagurbanowa,

Türkmen milli konserwatoriyasynyň mugallymy Gurbanmyrat Orazowiç Babaýewe,

Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sazandasy, kompozitor Hakberdy Hudaýberdyýewe,

«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň «Türkmenistan» howa ulaglary kärhanasynyň «Laçyn» folklor-etnografiýa toparynyň ýolbaşçysy Maýsagül Gylyçmyradowna Eminowa,

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň kinorežissýory Öwezgeldi Welmyradowa,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş Işanguly Döwletowiç Işangulyýewe,

Türkmenistanyň Nebit-gaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkeziniň «Merdana» estrada orkestriniň ýolbaşçysy Toýmyrat Begmyradowiç Gutlymyradowa,

Daşogzuň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň suratkeşi Bazarbaý Kubikowa,

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Myrad Ereşowiç Baltaýewe,

Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň direktory Çarymyrat Saryýewe;

«Türkmenistanyň at gazanan artisti»

diýen hormatly ady:

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik toparynyň 2-nji derejeli artisti Amanmyrat Meredowiç Agaýewe,

Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň ýokary derejeli aýdymçysy Ismaýyl Pirimowiç Jumaýewe,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D. Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Hasan Pirimowiç Jumaýewe,

Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginiň «Çar tarapdan» radioýaýlymynyň Tolkuna göýberiş bölüminiň režissýory Jumamyrat Gapançaýewe,

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň medeniýet bölüminiň müdiri Guwanç Tüýliýewiç Otuzowa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti Gözel Gurbandurdyýewna Öwezowa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti Şatlyk Amangeldiýewiç Halykowa,

Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginiň «Türkmen owazy» teleýaýlymynyň ýokary derejeli artisti Durdymyrat Gazakowa,

Türkmenistanyň Nebit-gaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkeziniň sazandasy Gurbanmuhammet Durdyýewiç Şepaýewe,

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň artisti Ejebaý Süleýmanowna Kasymowa,

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň artisti Jumamuhammet Çaryberdiýewiç Kowusowa,

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň artisti Myrat Baýramgulyýewiç Orazmuhammedowa,

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň artisti Oguldurdy Annakowa,

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň artisti Gülşat Tahyrowa,

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň artisti Maýagül Amannurowna Annaýewa,

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň artisti Çaryguly Hommadowa,

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň artisti Merdan Ýazmyradowiç Tüweleýewe,

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň artisti Alty Ýazyýewiç Sallandyýewe,

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň artisti Öwezgeldi Hudaýgulyýewe,

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň artisti Sülgün Meredowna Täşliýewa,

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň artisti Atamyrat Rejepowiç Atamyradowa,

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň ýokary derejeli artisti Akgözel Tuwakowna Nuryýewa,

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň artisti Göwher Ärsaryýewna Gurbangylyjowa,

A. S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artisti Natali Adolfowna Laukerte,

A. S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artisti Anatoliý Fýodorowiç Spiridonowa,

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artisti Annaçary Kakabaýewe,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy Amangül Hudaýberdiýewna Mämmetýazowa,

Ahal welaýatynyň Abadan şäheriniň medeniýet bölüminiň halk döredijilik öýüniň baş hünärmeni Altymyrat Gulnazarowa,

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň «Balkannebitgazgurluşyk» trestiniň 3-nji hünärment mekdebiniň önümçilik okuw ussasy, aýdymçy Täşli Täşliýewe,

Daşogzuň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artisti Meretdurdy Hojagylyjowiç Seitowa,

Daşogzuň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artisti Altyn Käbäýewna Toýlyýewa,

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artisti Babageldi Öwlýäkulowiç Rejebowa,

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artisti Nurbibi Ataýewna Nazarowa,

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artisti Muhammetgurban Nazzyýewe,

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artisti Muhammettirkiş Babajanowiç Rüstemowa,

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artisti Bäşim Kössekowiç Geldiýewe,

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artisti Akjagül Arnageldiýewna Ananowa,

Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginiň «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň ýokary derejeli redaktory Kanalberdi Meläýewiç Garaýewe,

Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň «Serdara serpaý» döredijilik toparynyň sazandasy, kompozitor Wahid Hajiýewiç Rizaýewe.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.

2009 ý. oktýabr aýynyň 05-i.

№ PP-5426