«Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
«Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2009 ý., № 3-4, 173-nji madda)
Täze galkynyş we özgertmeler eýýamynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde atçylygy ösdürmekde, türkmen halkynyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewleri ýetişdirmekde, olaryň gadymy ugurlaryny dikeltmekde, dünýäde meşhurlygyny we şan-şöhratyny has-da belende götermekde bitiren hyzmatlary we köp ýyllaryň dowamynda çeken netijeli hem-de halal zähmeti, hünär ussatlygy üçin, şeýle hem Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli, karar edýärin:
Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň atbakary Nuraly Rahimowa;
Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň atbakary Rejepmyrat Agamyradowa;
«Türkmenatlary» döwlet birleşiginiň S.A. Nyýazow adyndaky ahalteke atçylyk athanasynyň atbakary Halmyrat Babaýewe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2009 ý. aprel aýynyň 25-i.
№ PP-5337