Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Ç. G. Nyýazowy Türkmenistanyň III derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Ç. G. Nyýazowy Türkmenistanyň III derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Ç. G. Nyýazowy Türkmenistanyň

III derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2009 ý., № 2, 128-nji madda)

Türkmenistanyň özbaşdaklygyny we garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga, halkara möçberindäki abraýyny ýokarlandyrmaga goşan saldamly goşandy, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de tutanýerli zähmeti üçin, şeýle hem Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky ykdysady, syýasy we medeni gatnaşyklary ösdürmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny nazara alyp, Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Çary Geldiýewiç Nyýazowy Türkmenistanyň III derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2009 ý. fewral aýynyň 17-si.

№ РР-5308