Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

A. Gündogdyýewi Türkmenistanyň III derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

A. Gündogdyýewi Türkmenistanyň III derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

A. Gündogdyýewi Türkmenistanyň III derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen

sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2009 ý., № 2, 127-nji madda)

Türkmenistanyň özbaşdaklygyny we garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga, halkara möçberindäki abraýyny ýokarlandyrmaga goşan saldamly goşandy, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de tutanýerli zähmeti üçin, şeýle hem Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky ykdysady, syýasy we medeni gatnaşyklary ösdürmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny nazara alyp, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ata Gündogdyýewi Türkmenistanyň III derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2009 ý. fewral aýynyň 17-si.

№ РР-5307