Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

H. A. Agahanowy Türkmenistanyň II derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

H. A. Agahanowy Türkmenistanyň II derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

H. A. Agahanowy Türkmenistanyň

II derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2009 ý., № 2, 122-nji madda)

Türkmenistanyň özbaşdaklygyny we garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga, halkara möçberindäki abraýyny ýokarlandyrmaga goşan uly şahsy goşandy, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de tutanýerli zähmeti üçin, şeýle hem Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky ykdysady, syýasy we medeni gatnaşyklary ösdürmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny nazara alyp, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Halnazar Amannazarowiç Agahanowy Türkmenistanyň II derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2009 ý. fewral aýynyň 17-si.

№ PP-5302