Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

A. T. Ataýewany Türkmenistanyň III derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

A. T. Ataýewany Türkmenistanyň III derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

A. T. Ataýewany Türkmenistanyň

III derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2009 ý., № 2, 121-nji madda)

Türkmenistanyň özbaşdaklygyny we garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga, halkara möçberindäki abraýyny ýokarlandyrmaga goşan saldamly goşandy, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de tutanýerli zähmeti üçin, şeýle hem Türkmenistanyň halkara ähmiýetli öňe süren başlangyçlarynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan goldanylmagynda bitiren hyzmatlaryny nazara alyp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik Wekili Aksoltan Töräýewna Ataýewany Türkmenistanyň III derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2009 ý. fewral aýynyň 17-si.

№ PP-5301