Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllyk baýramy mynasybetli hormatly atlary dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllyk baýramy mynasybetli hormatly atlary dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllyk baýramy mynasybetli hormatly atlary dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2010-njy ýyl, № 10, 1038-nji madda)

Ýeňişleriň ak ýolundan batly gadamlar bilen öňe barýan eziz Watanymyz Täze galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda ägirt uly ösüşleri we özgertmeleri başdan geçirýär. Beýik galkynyşdan ruhlanan halkymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 19 ýyllygynyň şanly baýramyny uly joşgun we zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar.

Durmuşyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, ýurdumyzyň medeniýetini we sungatyny ösüşiň belent derejelerine götermäge gönükdirilen uly işler amala aşyrylýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagy, gözel paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän medeni maksatly binalaryň hem-de desgalaryň yzygiderli gurulmagy türkmen medeniýetiniň we sungatynyň has-da gülläp ösmegine, onuň milli aýratynlyklarynyň Ýer ýüzünde giňden wagyz edilmegine, dünýä bileleşigi bilen medeniýet babatda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly mümkinçilikleri döretdi.

Täze galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda milli medeniýetimiziň, edebiýatymyzyň, aýdym-saz, teatr, kino hem-de şekillendiriş sungatymyzyň, ylmyň we bilimiň, žurnalistikanyň hem-de muzeý işiniň ösmegine, döredijilik işgärlerini taýýarlamaga we terbiýelemäge goşan saldamly goşantlary, halkyň sylag-hormatyna mynasyp bolan edebi eserleri döredip, türkmen milli edebiýatyny ösdürmekde aýratyn görnükli hyzmatlar bitirendigi, ýokary ýerine ýetirijilik hem-de çeperçilik ussatlygy we joşgunly zehini üçin, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, tutanýerli zähmetini nazar alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 19 ýyllygynyň şanly baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Şulara Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly:

«Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady:

Türkmen milli konserwatoriýasynyň Halk saz gurallary kafedrasynyň müdiri, dosent Orazmyrat Jepbarowiç Annanepesowa,

Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginiň «Watan» radioýaýlymynyň «Ylham» bölüminiň redaktory, baýry diktor Baýram Geldimyradowa,

pensioner, opera aýdymçysy Koçmyrat Halmyradowa,

Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginiň «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň terjimeçisi Orazdurdy Hojaýewe,

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynyň medeniýet bölüminiň müdiri Satmamet Redžepbaýewe;

«Türkmenistanyň halk suratkeşi» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Amaly-haşam kafedrasynyň uly mugallymy Amanmyrat Ataýewe,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, heýkeltaraş Ýedy Madatowa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşyk kafedrasynyň mugallymy Klyçmyrat Mämmedowiç Ýazmämmedowa;

«Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly ady:

Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginiň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň Studiýa we dublýaž bölüminiň redaktory, şahyr Sona Saparowna Ýazowa;

«Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen hormatly ady:

Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň aýdym-saz mugallymy Amanberdi Kowşutowa;

«Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady:

Balkan welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Amansoltan Gylyçdurdyýewna Annamämmedowa,

Mary şäheriniň «Margiana» medeniýet köşgüniň direktory Welantina Mardikowna Atamyradowa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň edebiýat-dramaturgiýa bölüminiň müdiri Hudaýberdi Bäşimowa,

Türkmenistanyň hojalyk hasaplaşygyndaky redaksion birleşiginiň kitaphanaçysy, şahyr Oguljemal Çaryýewa,

«Galkynyş» gazetiniň bölüm müdiri Hudaýguly Gurbanowa,

Mary şäheriniň Baýramaly etrap medeniýet bölüminiň müdiri Hampary Guseýnowna Mämedowa,

Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginiň «Miras» teleýaýlymynyň režissýory Kadyr Rahymowa,

Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginiň «Watan» radioýaýlymynyň «Türkmen şuglasy» bölüminiň müdiri Akmyrat Rejebowa;

«Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady:

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artisti Enejan Akmyradowa,

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Owaz» orkestriniň ýokary derejeli sazanda artisti Orazdurdy Altyliýewe,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň Aýdym aýtmak kafedrasynyň müdiri Mämmetmyrat Annamyradowa,

Daşogzuň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artisti Hudaýberdi Baýryýewe,

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Pälwan Baýramdurdyýewiç Halmyradowa,

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň ýokary derejeli artisti Gülsere Jumaýewa,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň Milli saz gurallary bölüminiň ýokary derejeli dutar mugallymy Nepesmyrat Aksakalowiç Meredowa,

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň artisti Çaryýar Seýitliýewe,

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň aýdymçysy Jahangözel Otuzowna Tagyýewa,

A. S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artisti Swetlana Borisowna Troiskaýa;

«Türkmenistanyň at gazanan bagşysy» diýen hormatly ady:

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň medeniýet merkeziniň bagşysy Durdybaý Gurbanowa,

Lebap welaýatynyň Atamyrat etrap medeniýet bölüminiň bagşylar öýüniň ýolbaşçysy Rozy Muhamediýewe;

«Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Amaly-haşam kafedrasynyň uly mugallymy Paşaguly Amangulyýewe,

Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginiň «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň teleoperatory Kakamyrat Amanowa,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Durdyguly Saparmyradowiç Annaýewe,

pensioner, dramaturg Atajan Tagana,

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň medeni-işewürlik merkeziniň «Ruhubelent çagalar» tans toparynyň ýolbaşçysy Leýli Ýazyýewna Babaýewa,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymy Gurbandurdy Çaryýewe,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, heýkeltaraş Orazmyrat Gurbanowa,

Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary Gurbanguly Täçmämmedowiç Hojagulyýewe,

Türkmen milli koserwatoriýasynyň ýanyndaky D. Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Amanmyrat Igliýewe,

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň baş redaktory Nobatguly Rejepowa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Amaly-haşam kafedrasynyň mugallymy Myrat Atabaýewiç Sähedowa,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş Eduard Grigorýewiç Seropýansa,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Žanna Nikolaýewna Skorohodowa,

Türkmen milli Koserwatoriýasynyň ýanyndaky D. Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Wýaçeslaw Petrowiç Smirnowa;

«Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti» diýen hormatly ady:

Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginiň baş redaktory Döwletgeldi Annamyradowa,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri Atajan Altyýewiç Burynowa,

Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginiň «Miras» teleýaýlymynyň redaktory Bibisara Hapizowa,

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň ylmy guramaçylyk usulyýet bölüminiň ýolbaşçysy Öwezdurdy Hümmedowa,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Geografiýa kafedrasynyň uly mugallymy Amanguly Magtymowa,

«Türkmenistan» gazetiniň bölüm müdiri Amanbibi Omarowna Muhammedowa,

«Diýar» žurnalynyň bölüm müdiri Döwletmyrat Nuryýewe,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gidromeliorasiýa fakultetiniň Gidrotehniki desgalar kafedrasynyň müdiri, dosent Italmaz Saparlyýewe,

Türkmen politehniki institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, dosent Nurýagdy Suwhanowa.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2010 ý. oktýabr aýynyň 07-i

№ PP-5651