Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2010-njy ýyl, № 3, 768-nji madda)

Türkmenistanyň Konsitutsiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:

1. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, kanunda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary 2010-njy ýylyň aprel-iýun aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan harby gullukdan boşatmaly.

2. Çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, çagyryşdan gaýra goýmaga hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlaryny, harby gulluga çagyryşdan gaýra goýmaga hukugyny ýitiren uly ýaşly raýatlary, şeýle hem 17 ýaşa ýeten raýatlary harby gullugy meýletin geçmek hakynda öz şahsy arzalary boýunça 2010-njy ýylyň aprel-iýul aýlarynda harby gulluga çagyrmaly.

3. Şu Perman çap edilen pursadyndan güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2010 ý. mart aýynyň 19-y

№ PP-5562