S. M. Burunowa «Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
S. M. Burunowa «Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2011-nji ýyl, № 7, 1398-nji madda)
Täze galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda Garaşsyz, baky Bitarap, Türkmenistan döwletimizde saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşandygy, tejribeli lukmanlary taýýarlamakda bitiren uly hyzmatlary, ýokary hünär ussatlygy hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken ak ýürekli, halal zähmeti üçin, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Psihiatriýa, narkologiýa we medisina psihologiýasy kafedrasynyň müdiri Sülgün Meredowna Burunowa «Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2011 ý. iýul aýynyň 18-i
№ PP-5819