Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçylaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçylaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçylaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2011-nji ýyl, № 4,5, 1290-njy madda)

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň asuda durmuşyny goramaga, harby gullukçylaryň söweşjeň tehnikalary kämil özleşdirmeklerine goşan şahsy goşantlaryny hem-de Watanymyza we merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini göz öňünde tutup, karar edýärin:

Şulary Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen:

0121-nji harby bölümiň serkerdesiniň ýaraglanyş boýunça orunbasary - tehniki bölüminiň başlygy, Maýor Annanyýaz Geldimyradowiç Annagurdowy,

20132-nji harby bölümiň serkerdesiniň orunbasary, maýor Jeýhun Durdybaýewiç Jommartowy,

04246-njy harby bölümiň serkerdesi, maýor Myrat Bazarowiç Jumaýewi,

54111-nji harby bölümiň serkerdesiniň tehnikalary hasaba almak we saklamak boýunça orunbasary - bölüm başlygy, maýor Atajan Jorakulyýewiç Rozybaýewi,

17861-nji harby bölümiň asmana atyjylyk diwizionynyň serkerdesiniň orunbasary - dolandyryş bölüminiň başlygy, maýor Umurbek Kadambaýewiç Rozyýewi;

Türkmenistanyň I derejeli «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin» medaly bilen:

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň serkerdebaşysynyň orunbasary, podpolkownik Bäşim Gurbanowiç Işangulyýewi,

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň Harby-howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary müdirliginiň Asmana atyjy-raketa goşunlarynyň başlygy - asmana atyjy-raketa goşunlary bölüminiň başlygy, podpolkownik Ýegendurdy Nurmämmedowiç Öýliýewi;

Türkmenistanyň II derejeli «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin» medaly bilen:

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň Harby-howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary müdirliginiň asmana atyjy-raketa goşunlary bölüminiň baş inženeri, polkownik Saparmyrat Setdarowiç Abdyrasulowy;

Türkmenistanyň III derejeli «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin» medaly bilen:

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň Harby-howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary müdirliginiň üpjünçilik bölüminiň başlygy, polkownik Meretberdi Hydyrowy,

28627-nji harby bölümiň serkerdesi, podpolkownik Şadurdy Amanmuhammedowiç Durdyýewi,

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň Harby-howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary müdirliginiň üpjünçilik bölüminiň aerodromlary we ýörite tehnikalary ulanmak we bejermek boýunça uly inženeri, podpolkownik Şeripbaý Paýzyýewiç Joraýewi,

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň Harby-howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary müdirliginiň awiasiýasynyň başlygy - awiasiýa bölüminiň başlygy, podpolkownik Hajydurdy Aşyrgeldiýewiç Orazowy,

06980-nji harby bölümiň serkerdesi, maýor Serdar Atajanowy,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş üpjünçilik we tyl müdirliginiň Tyl müdirliginiň goş gullugynyň başlygy, maýor Agahan Ýusubowiç Gurbanowy,

02245-nji harby bölümiň serkerdesiniň tyl boýunça orunbasary - tylyň başlygy, maýor Sahawat Güloglan ogly Guseýnowy,

20020-nji harby bölümiň aýratyn maksatly batalýonynyň aýratyn maksatly rotasynyň serkerdesi, maýor Guwanç Kakajanowiç Öwezowy,

76972-nji harby bölümiň serkerdesi, maýor Täçmyrat Amangeldiýewiç Ýusupowy,

21342-nji harby bölümiň serkerdesi, lukmançylyk gullugynyň maýory Ahal Şanepesowiç Ataýewi,

28627-nji harby bölümiň lukmançylyk gullugynyň başlygy, lukmançylyk gullugynyň maýory Gurbanbaý Halbaýewiç Meredowy,

20020-nji harby bölümiň aýratyn maksatly batalýonynyň ýörite maksatly aňtawçylyk toparynyň serkerdesi, kapitan Penji Gurbangeldiýewiç Goşaýewi,

02642-nji harby bölümiň tankçylyk batalýonynyň serkerdesi, kapitan Guwanç Akmyradowiç Gulmyradowy,

20020-nji harby bölümiň 1-nji paraşýut desant baralýonynyň 1-nji paraşýut desant rotasynyň wzwod serkerdesi, uly leýtenant Atajan Rowşenowiç Husainowy.

Türkmenistanyň

Prezidenti,

Türkmenistanyň

Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly

Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2011 ý. aprel aýynyň 29-y

№ PP-5766