Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 66 ýyllygy mynasybetli sowgatlary gowşurmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 66 ýyllygy mynasybetli sowgatlary gowşurmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 66 ýyllygy mynasybetli sowgatlary gowşurmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2011-nji ýyl, № 4,5, 1289-njy madda)

1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň görkezen nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmek-de alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Beýik Ýeňşiň 66 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:

1. Welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri, Türkmenistanyň Uruş weteranlary guramasynyň Merkezi geňeşi 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 66 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary gowşurmaly.

2. Türkmenistanyň Maliýe ministrligi şu Permanyň 1 -nji bölüminde görkezilen sowgatlary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmeli.

3. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi we «Türkmenhaly» döwlet paýdarlar korporasiýasy şu Permanyň 1-nji bölümine laýyklykda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerini gymmat bahaly sowgatlar bilen býujetden maliýeleşdirilýän edaralar üçin bellenen nyrhlardan üpjün etmeli.

4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ylymlar akademiýasynyň prezidenti G. Mezilow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary T. Japarow, O. Gurbannazarow, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B. Atdaýew gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2011 ý. aprel aýynyň 22-si

№ PP-5765