Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2011-nji ýyl, № 4,5, 1286-njy madda)
Täze galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde atçylygy ösdürmekde, türkmen halkynyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewleri ýetişdirmekde, olaryň gadymy ugurlaryny dikeltmekde, dünýäde meşhurlygyny we şan-şöhratyny has-da belende götermekde bitiren hyzmatlary we köp ýyllaryň dowamynda çeken netijeli hem-de halal zähmeti, hünär ussatlygy üçin, şeýle hem Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli, karar edýärin:
Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň atbakary Agamyrat Ýegräýewi,
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň S. A. Nyýazow adyndaky ahalteke atçylyk athanasynyň seýsi Enwerguly Orazgulyýewiç Babalyýewi Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň seýsi Mälikmyrat Durdyýewiç Muhammedowa «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2011 ý. aprel aýynyň 15-i
№ PP-5761