Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy»

diýen ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2012 ý., № 10, 2195-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary ýokary depginler bilen ösýär. Mähriban halkymyz halal, döredijilikli we yhlasly zähmet çekip, uly üstünlikler gazanyp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň abraýyny barha ýokary göterýär.

Ýurdumyzda gazanylýan bu üstünliklerde ýaşuly nesliň hem uly paýy bar. Ýaşulularymyz ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, il-ýurt bähbitli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine öz halal zähmetleri bilen mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ýaş nesillerimizi asyllylyk, halallyk, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we päk ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde hem ýaşulularymyz örän uly işleri alyp barýarlar. Döwletimiz olaryň Watan öňünde bitirýän hyzmatlaryna hemişe ýokary baha berýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pug-talandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirendiklerini hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezendiklerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 21 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmaly:

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy Orazmyrat Nyýazmyradowiç Nyýazlyýewe;

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Muhammet Hojamuhammedowiç Abalakowa;

«Garagum» žurnalynyň baş redaktory Osman Hojageldiýewiç Odeýewe;

Türkmenistanyň Uruş weteranlary guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň uruş weteranlary geňeşiniň başlygy Gurbandurdy Annadurdyýewe;

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Orazgeldi Atahanowa;

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Şorgala obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Nuraly Gurbanowa;

Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Garagan obasynyň ymamy Gurbangeldi Aýlyýewe;

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Amanmuhammet Täşliýewe;

Türkmenistanyň Uruş weteranlary guramasynyň Balkan welaýat uruş weteranlary geňeşiniň başlygy Igdir Musagulyýewe;

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň Badaýap obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Şerip Sopyýewe;

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Akderýa obasynyň ymamy Bally Işangulyýewe;

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Rejep Kerimberdyýewe;

Türkmenistanyň Uruş weteranlary guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher uruş weteranlary geňeşiniň başlygy Duşy Aýydowa;

Mary şäherindäki Gurbanguly Hajy metjidiniň baş ymamy Şamyrat Welmyradowa;

Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Ýyldyz obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Çary Berdiýewe.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2012 ý. oktýabr aýynyň 19-y.

№ PP-6196