Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Täjigistan Respublikasyndaky bölüminiň başlygy D. Kullakowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Täjigistan Respublikasyndaky bölüminiň başlygy D. Kullakowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2012 ý., № 10, 2193-nji madda)
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlary ösdürmekde, türkmen we täjik halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, ýaş nesillere edep-terbiýe bermekde uly iş bitirendigi hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezendigi üçin, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Täjigistan Respublikasyndaky bölüminiň başlygy Dawlýat Kullakowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2012 ý. oktýabr aýynyň 19-y.
№ PP-6194