P. H. Baýramdurdyýewe «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
P. H. Baýramdurdyýewe «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri»
diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2012 ý., № 3, 1787-nji madda)
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen milli medeniýetini ösdürmekde, atçylyk sportunyň şan-şöhratyny belende götermekde, ussat türgenleri terbiýeläp ýetişdirmekde bitiren uly hyzmatlary üçin, şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda çeken netijeli we tutanýerli zähmetini nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi - topar ýolbaşçysy Pygy Hojamuhammedowiç Baýramdurdyýewe «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2012 ý. mart aýynyň 15-i
№ PP-6035