Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013-nji ýyl, № 9-10, 2819-njy madda)
Berkarar Döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Watanymyz ähli ugurlar boýunça güýçli depginler bilen ösýär. Garaşsyz ýurdumyzyň her güni täze, şöhratly ýeňişlere beslenýär, dünýädäki at-abraýy barha ýokarlanýar.
Eziz Diýarymyzda gazanylýan her bir üstünlikde, şanly ýeňişlerde ýaşuly nesliň örän uly paýy bar. Berkarar Watanymyzy yzygiderli ösdürmekde, il-ýurt bähbitli, Döwlet ähmiýetli maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmakda. milli däp-dessurlarymyzy goramakda, ösüp gelýän nesillerimizi watançylyk. zähmetsöýerlik ruhunda we belent ahlak ýörelgeleri esasynda terbiýelemekde ýaşulularymyz köp işleri bitirýärler. Bitarap Watanymyzyň öňünde ýaşulularyň bitirýän hyzmatlaryna ýokary baha berilýär.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändiklerini hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezýändiklerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 22 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:
Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmaly:
Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri Atajan Altyýewiň Burynowa;
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň dosenti Nurýagdy Suwhanowa;
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gidrotehniki desgalar kafedrasynyň müdiri, dosent Italmaz Saparlyýewe;
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Çaryguly Ataýewe;
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Annaçary Gurbanowa;
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gökdepe obasynyň ýaşaýjysy pensioner Tagan Salpyýewe;
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Kelejar obasynyň ýaşaýjysy. pensioner Orazguly Seýitniýazowa;
Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Garryçyrla obasynyň ýaşaýjysy. pensioner Kakajan Sähetgurbanowa;
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Baýramberdi Jepbarowa;
Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Ýasga obasynyň ýaşaýjysy. pensioner Gurbangeldi Gurbanmämmedowa;
Balkan welaýatynyň Gumdag şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Nurjan Posmanowa;
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäheriniň ýaşaýjysy pensioner Toýly Kurbanmedowa;
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şäherçesiniň ýaşaýjysy, pensioner Pirnazar Gaýypowa;
Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Magaryf obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Gazak Tuwakowa;
Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäherçesiniň ýaşaýjysy, pensioner Ýaraşgeldi Muradowa;
Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Täzeoba obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Kurbandurdy Ýagmyrowa;
Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Mukry şäherçesiniň ýaşaýjysy, pensioner Anna Hudaýberdiýewe;
Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň Galkynyş şäherçesiniň ýaşaýjysy, pensioner Primkuly Şeripowa;
Mary welaýatynyň Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Tohtamyş Nepesowiç Klyçýewe;
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Akybaý obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Setdarberdi Gulowa;
Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Soltanyz obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Hanmyrat Toparowa;
Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Aýnaköl obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Duşak Annagulyýewe.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2013 ý. oktýabr aýynyň 23-i.
№ PP-6447