Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylaryny Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylaryny Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylaryny Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013-nji ýyl, № 8, 2739-njy madda)

Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmak boýunça döwletimiziň öňünde bitiren uly hyzmatlary üçin, şeýle hem berkarar Watanymyzyň Döwlet serhediniň asudalygyny goramaga, ýurdumyzyň we raýatlarymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmäge goşan şahsy goşantlaryny göz öňünde tutup, karar edýärin:

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Sarahs» serhet birikmesiniň «Nowruzabat» serhet galasynyň başlygy - bölümçe başlygynyň orunbasary, uly leýtenant Merdan Şirmadowiç Annaýewi,

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Sarahs» serhet birikmesiniň «Nowruzabat» serhet galasynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, hatarçy Meýlis Begenjowiç Hekimowy,

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Sarahs» serhet birikmesiniň «Nowruzabat» serhet galasynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, seržant Muhammet Artykberdiýewiç Kömekowy,

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Sarahs» serhet birikmesiniň «Nowruzabat» serhet galasynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, hatarçy Şatlyk Pirnepesowiç Saparowy,

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Sarahs» serhet birikmesiniň «Nowruzabat» serhet galasynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, hatarçy Perhat Jumamyradowiç Mahimowy Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň

Prezidenti,

Türkmenistanyň

Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly

Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2013 ý. awgust aýynyň 31-i.

№ PP-6394