Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly ady dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013 ý., № 5, 2565-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy has-da ösdürmek boýunça giň gerimli, tutumly işler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda durmuşa geçirilýän özgertmeler eziz Diýarymyzy ösüşleriň has ýokary, täze belentliklerine göterýär.

Garaşsyz Watanymyzy yzygiderli ösdürmek boýunça öňde durýan belent wezipeleri durmuşa geçirmekde demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň hem uly goşandy bar. Kabul eden döwlet maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmakda, demir ýol ulaglary pudagyny ösdürmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly zähmetini, «Demirgazyk-Günorta» halkara demir ýolunyň «Gazagystan-Türkmenistan» böleginiň gurluşygyna işjeň gatnaşyp, has-da tapawutlanandyklaryny nazara alyp, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen:

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň baş inženeriniň wezipesini ýerine ýetiriji Baýjan Keljäýewi,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Hereketiň howpsuzlygy bölüminiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Bäşimmämmet Akmämmedowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Demir ýoluň Aşgabat böleginiň birleşdirilen hojalygynyň Elektrik üpjünçiligi bölüminiň 1-nji derejeli hünärmeni Amanmuhammet Geldimyradowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Demir ýoluň Türkmenabat böleginiň birleşdirilen hojalygynyň başlygynyň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Ýusup Mamedowiç Hamraýewi,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Daşary ykdysady aragatnaşyklar bölüminiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Serdar Çaryýarowiç Nurmuhammedowy;

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen:

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Demir ýoluň Aşgabat böleginiň birleşdirilen hojalygynyň Ýükleri daşamak bölüminiň hereket derňewçisi Orazçary Aşyrowiç Atakowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Aşgabat lokomotiw deposynyň teplowoz sürüjisiniň kömekçisi Çarymyrat Aganazarowiç Ýalkapowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Aşgabat lokomotiw deposynyň teplowoz sürüjisi Ruslaim Amanberdiýewiç Babaýewi,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Ýol maşyn kärhasynyň Serdar şäheri başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Saparguly Meretgulyýewi,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň 2-nji gurluşyk-gurnama otlusynyň başlygynyň önümçilik boýunça orunbasarynyň wezepesini ýerine ýetiriji Odiljan Alimjanowiç Muhutdinowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň 2-nji gurluşyk-gurnama otlusynyň ekskawatorçysy Furkat Renatowiç Şükürowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň 2-nji gurluşyk-gurnama otlusynyň baş inženeri Ilmyrat Aýtyýewi,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň 2-nji gurluşyk-gurnama otlusynyň ekskawatorçysy Ýoldaş Gapparowiç Mametkulowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň 2-nji gurluşyk-gurnama otlusynyň buldozerçisi Ahmetjan Jumakulyýewiç Annamuradowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň 2-nji gurluşyk-gurnama otlusynyň sürüjisi Aziz Mustapakulowiç Astanowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň 2-nji gurluşyk-gurnama otlusynyň buldozerçisi Hamrakuly Jumakulyýewiç Rasulowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň 2-nji gurluşyk-gurnama otlusynyň ekskawatorçysy Serdar Gylyjowiç Öwezowy;

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri» diýen hormatly ady dakmaly:

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Ýol hojalygy bölüminiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Hanmämmet Ataýewe,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň «Türkmendemirýoltaslama» taslama düzüş-agtaryş institutynyň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Nurmuhammed Baýramowa,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Demir ýoluň Aşgabat böleginiň birleşdirilen hojalygynyň Ýükleri daşamak bölüminiň hereket derňewçisi Bäşim Kakabaýewe,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Abadan ýol we desgalar edarasynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Meretgeldi Amangulyýewiç Geldiýewe.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri

2013-nji ýylyň maý aýynyň 13-i

№ PP-6330