Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny

dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013 ý., № 3, 2454-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen öňe barýar. Ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli we tutumly işler amala aşyrylýar. Gazanylýan bu ajaýyp üstünliklere öý-ojaklarymyzyň bezegi bolan mähriban zenanlarymyz hem mynasyp goşant goşýarlar. Ösüp gelýän ýaş nesillerimizi berkarar Watanymyza, eziz halkymyza, maşgala belent söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde mähriban enelerimiz uly işleri bitirýärler. Halkymyzyň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we ýokary ahlaklylyk ýörelgelerini eziz perzentleriniň kalbyna siňdirýän, ýüregi mähirden doly enelerimize ýurdumyzda belent sarpa goýulýar.

Ata-babalarymyzyň türkmen jemgyýetiniň sagdyn ösüşini esaslandyrýan maşgala ojagynda ene mähremligine aýratyn hormat goýup, ony mukaddeslige deňemek ýaly ajaýyp ýörelgelerinden ugur alyp, Watanymyzyň bagtyýar geljegini kepillendirýän nesli ösdürip ýetişdirmekde belent başly enelerimiziň bitirýän çäksiz hyzmatlaryny nazara almak bilen, karar edýärin:

Sekiž we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren şu enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmaly:

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri üçin hünärmenleri taýýarlaýyş müdirliginiň dolandyryş bölüminiň Gizlin bölümçesiniň başlygy Maýagözel Annalyýewa;

Aşgabat şäheriniň Prezident Nyýazow adyndaky etrabyndan öý hojalykçy Maýa Geldiýarowna Orazowa;

Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabyndan öý hojalykçy Şirin Sapardurdyýewna Garrybaýewa;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ahal welaýatynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Arassaçylyk-gigiýena barlaghanasynyň zähmet-gigiýena bölümçesiniň barlagçysy Ejekeýik Baýramowa;

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Süleýman Demirel adyndaky Tejen pagta egirme fabriginiň işçisi Aýtäç Amanmyradowna Körhanowa;

Ahal welaýatynyň Tejen şäherinden öý hojalykçy Aýbölek Bäşimowa;

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmentelekom» döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň tehniki işgäri Aýnabat Orazdurdyýewna Orazowa;

Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabyndan öý hojalykçy Annajemal Myradowna Kakageldiýewa;

Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabyndan öý hojalykçy Gurbangül Kakaýewa;

Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndan öý hojalykçy Annabibi Güjikowna Ataýewa;

Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndan öý hojalykçy Ogulsuraý Gündogdyýewna Aşyrowa;

Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndan öý hojalykçy Annaşeker Hallyýewa;

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndan öý hojalykçy Aýbölek Suhanowna Baýramowa;

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndan öý hojalykçy Altyn Garaýewna Durdymuhammedowa;

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndan öý hojalykçy Maýagözel Kakageldiýewna Mommyjaýewa;

Ahal welaýatynyň Kaka etrap hassahanasynyň hirurgiýa bölüminiň kiçi saglygy goraýyş işgäri Nurjahan Çaryýewna Bäşimowa;

Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndan öý hojalykçy Owadan Mammatgulyýewa;

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Ýusup Gurbanow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Aýjemal Çaryýewa;

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndan öý hojalykçy Ogulbaýram Amangeldiýewna Hojaberdiýewa;

Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň «Hakykat» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Mähri Täşliýewa;

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Balkanpoçta» welaýat kärhanasynyň 4-nji aragatnaşyk bölüminiň işgäri Annajemal Meretnyýazowa;

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Balkan» döwlet lomaý-bölek söwda firmasynyň 4-nji dükanynyň işgäri Ogultäç Amanberdiýewna Nursähedowa;

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinden öý hojalykçy Gurbanbibi Mollaýewna Ärnepesowa;

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinden öý hojalykçy Üzümgül Täşliýewa;

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinden öý hojalykçy Gulnara Omanbaýewna Satlykowa;

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Garabogazsulfat» önümçilik birleşiginiň Barlag ölçeýji abzallary we awtomatika önümhanasynyň işçisi Bibi Halmuradowna Kalpakowa;

Balkan welaýatynyň Gumdag şäherinden öý hojalykçy Orazbibi Aşyrtaganowna Täçmämmedowa;

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndan öý hojalykçy Amangül Saparowa;

Balkan welaýatynyň Esenguly etrabyndan öý hojalykçy Baýramgül Gurbanberdiýewna Arazmämmedowa;

Balkan welaýatynyň Serdar etrabyndan öý hojalykçy Oguljemal Annadurdyýewna Arrykowa;

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň S. A. Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gurbantäç Amangeldiýewna Hudaýgulyýewa;

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinden öý hojalykçy Ýakutjan Matýakubowna Atajanowa;

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinden öý hojalykçy Gulruh Atajanowna Babajanowa;

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinden öý hojalykçy Kutlybike Žiýenbaýewna Sadullaýewa;

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinden öý hojalykçy Madina Kerimbaýewna Şamyradowa;

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinden öý hojalykçy Nasiba Ýoldaşowna Utemuradowa;

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndan öý hojalykçy Akja Amangeldiýewna Atahanowa;

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndan öý hojalykçy Erkinoý Ibragimowna Abdykarimowa;

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndan öý hojalykçy Dilbar Bekmuradowna Hudaýarowa;

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndan öý hojalykçy Arazbibi Aşyrowna Kakabaýewa;

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndan öý hojalykçy Maýa Tirkeşowna Kakabaýewa;

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndan öý hojalykçy Gözel Çarwaýewna Nepesowa;

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndan öý hojalykçy Bibijan Amanbaýewna Öwezowa;

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndan öý hojalykçy Matluba Bekowna Wosiýewa;

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan öý hojalykçy Nargül Ýomudowna Ballyýewa;

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan öý hojalykçy Jeren Aýytjanowna Dendanowa;

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň kitaphana müdiri Ogultäç Sapargulyýewna Hanmedowa;

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky 1-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Maral Magtymgulyýewna Gökjäýewa;

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap hassahanasynyň 221-nji oba saglyk öýüniň maşgala şepagat uýasy Aknur Begmyradowna Toýlyýewa;

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan öý hojalykçy Ogultäç Ataberdiýewna Ýazgylyjowa;

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan öý hojalykçy Gurbangül Orazgeldiýewna Çaryýewa;

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan öý hojalykçy Jumagul Artykowna Dadeýewa;

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan öý hojalykçy Bagdagül Kuwatowna Täçnepesowa;

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan öý hojalykçy Gyzylgul Muradowna Arazowa;

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan öý hojalykçy Aýna Atanazarowa;

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan öý hojalykçy Orazbike Muhyýewa;

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan öý hojalykçy Ogulgul Durdyýewa;

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan öý hojalykçy Aşyrbibi Ballyýewna Saryýewa;

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan öý hojalykçy Narjemal Jumaýewna Hekimowa;

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan öý hojalykçy Akjemal Nurullaýewna Rejepowa;

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndan öý hojalykçy Kümüş Gurbandurdyýewna Garlyýewa;

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndan öý hojalykçy Aýjemal Mämedowna Allanazarowa;

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndan öý hojalykçy Aýsoltan Ödäýewa;

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndan öý hojalykçy Gyzylgül Kerimbaýewa;

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy Gurbangül Kakajikowna Berkeliýewa;

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ogulgül Gazakowna Ataýewa;

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabyndan öý hojalykçy Şasenem Sapaşowa;

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabyndan öý hojalykçy Nasiba Şukurbaýewna Kazakowa;

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabyndan öý hojalykçy Enegül Kakaýewa;

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabyndan öý hojalykçy Şemşat Hydyrowna Nurnepesowa;

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabyndan öý hojalykçy Nartäç Ýagşymowa;

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň «Amyderýa» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Jemile Kakyşowna Kurbanowa;

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň «Dostluk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ýaňyl Toýlyýewa;

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabyndan öý hojalykçy Dursun Sapargylyjowna Gylyçmedowa;

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabyndan öý hojalykçy Jemile Kakaýewna Seýidowa;

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabyndan öý hojalykçy Ogulnabat Çowdurowna Dädäýewa;

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabyndan öý hojalykçy Amangül Gaýypowa;

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabyndan öý hojalykçy Jennet Soltanmuradowna Meläýewa;

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabyndan öý hojalykçy Çemen Hydyrgulyýewna Işankulyýewa;

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabyndan öý hojalykçy Meretgul Hojabaýewna Ýegenmädowa;

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabyndan öý hojalykçy Akgül Galpakowa;

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabyndan öý hojalykçy Gülşirin Atabaýewa;

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabyndan öý hojalykçy Sofiýa Sazakowna Kurbanowa;

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabyndan öý hojalykçy Gülsoltan Ilgeldiýewa;

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabyndan öý hojalykçy Ejegül Ataýewa;

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 39-njy orta mekdebiň mugallymy Bahargül Pirnepesowna Gubaýewa;

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndan öý hojalykçy Maral Allaşowna Mädeminowa;

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndan öý hojalykçy Arazbike Hudaýgulyýewna Gökowa;

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndan öý hojalykçy Keýikgül Tirkeşowna Annaberdiýewa;

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Aýjemal Rejepowna Nazarowa;

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndan öý hojalykçy Arzygül Gurbanbaýewna Ilmuradowa;

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndan öý hojalykçy Almagül Kakyşowna Atdyýewa;

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndan öý hojalykçy Aýgül Nurjanowna Mämedowa;

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndan öý hojalykçy Kümuş Durdygylyjowna Ataýewa;

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndan öý hojalykçy Baýramgül Amangulyýewna Sabyrowa;

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Aşyr Kakabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Täzegül Tuwakowna Garlyýewa;

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Täze durmuş» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Miwe Gylyçdurdyýewna Guljanowa;

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Täze durmuş» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Maýýa Mamed kyzy Amandurdyýewa;

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Baýramgül Gurbandurdyýewna Gazakowa;

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gulustan Aýtžanowna Bedirowa;

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndan öý hojalykçy Gülşat Maşalowna Toraýewa;

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndan öý hojalykçy Haltäç Ballyýewa;

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Şamahy» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ogulnyýaz Orazmyradowna Gurgenowa;

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndan öý hojalykçy Ogulgül Tokaýewna Saparowa;

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndan öý hojalykçy Akgül Ýagşymädowna Janmädowa;

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndan öý hojalykçy Gunça Pudakowna Amannepesowa;

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndan öý hojalykçy Arazbibi Abatowna Arazmädowa;

Daşoguz welaýatynyň S. A. Nyýazow adyndaky etrabyndan öý hojalykçy Barno Şeripbaýewna Saparbaýewa;

Daşoguz welaýatynyň S. A. Nyýazow adyndaky etrabyndan öý hojalykçy Enebaý Saparmuhammedowna Akjabaýewa;

Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň «Daýhan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Meretgül Mämetşaýewa;

Lebap welaýatynyň Garabekewül etrap hassahanasynyň Kliniki barlaghana bölüminiň kiçi şepagat uýasy Gözel Jumanyýazowa;

Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň «Täze durmuş» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Tyllagül Çoganowna Ýagşygeldiýewa;

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň «Çekiç» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Aýbölek Açylowna Joraýewa;

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Aýna Taýyrowna Ýagşymyradowa;

Lebap welaýatynyň Seýdi şäher Jemagat hojalygy müdirliginiň işçisi Solmaz Jorakulyýewna Hamraýewa;

Lebap welaýatynyň Seýdi şäherinden öý hojalykçy Ýagşygül Taganowa;

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabyndan öý hojalykçy Gülzada Rozykulowna Napiýewa;

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinden öý hojalykçy Balkan Rahmanberdiýewna Keldekowa;

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinden öý hojalykçy Natalýa Nikolaýewna Ulýahina;

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndan öý hojalykçy Gülsahat Işbaýewna Berdiýewa;

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndan öý hojalykçy Gunça Annagulyýewa;

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň J. Mämmedow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Maýsa Gylyçdurdyýewna Baýramowa;

Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy Orazgul Kullyýewa;

Lebap welaýatynyň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň «Güneşlik» önümhanasynyň halyçysy Solmaz Gurbanowna Semetowa;

Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndan öý hojalykçy Jeren Abdullaýewa;

Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndan öý hojalykçy Gülşat Allanazarowna Annagulyýewa;

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň J. Mähremow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gyzylgül Döwletgeldiýewna Begliýewa;

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Amangül Begnazarowna Hajyýewa;

Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndan öý hojalykçy Gurbanaý Akmyradowna Hojagulyýewa;

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň «Ärsary baba» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Çemen Ýaraşowna Jomartowa;

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň J. Mähremow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Akgül Ergeşowna Muradowa;

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Jumagül Mustaýewa;

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gurbanaý Meretdurdyýewna Mämetdurdyýewa;

Lebap welaýatynyň Magdanly şäherindäki 7-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Gözel Saryýewna Hojamowa;

Lebap welaýatynyň Magdanly şäherinden öý hojalykçy Muhabbat Nurbaýewna Botaýewa;

Lebap welaýatynyň Magdanly şäherinden öý hojalykçy Aýkurban Koçkeldiýewa;

Lebap welaýatynyň Farap etrabyndan öý hojalykçy Mamajan Şukurullaýewna Durdyýewa;

Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabyndan öý hojalykçy Saida Murotowna Açilowa;

Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Dünýägözel Rozykulyýewna Goççyýewa;

Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabyndan öý hojalykçy Rejepgül Ahmedowna Joraýewa;

Lebap welaýatynyň Birata etrabyndan öý hojalykçy Nurgözel Bazarowna Aýydowa;

Lebap welaýatynyň Birata etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Sona Nazarowna Rozymuradowa;

Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Muhabbet Hojakulyýewna Çaryýewa;

Mary welaýatynyň Mary etrabyndan öý hojalykçy Güljemile Bekgenowna Babaýewa;

Mary welaýatynyň Mary etrabyndan öý hojalykçy Aýjemal Çaryýewna Babaýewa;

Mary welaýatynyň Mary etrabyndan öý hojalykçy Ogulnar Allanazarowna Gurbanakowa;

Mary welaýatynyň Mary etrabyndan öý hojalykçy Oguljuma Orazowna Japarowa;

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň tehniki işgäri Ogulşeker Sammyýewa;

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndan öý hojalykçy Aýnagözel Nursähedowna Berdiýewa;

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gülnar Çaryýewna Sopyýewa;

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndan öý hojalykçy Gülperi Nazarowna Ýarmammedowa;

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndan öý hojalykçy Oguljennet Gurbanowna Ilýasowa;

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndan öý hojalykçy Gunça Daňatarowa;

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndan öý hojalykçy Äşe Bazarowna Jarçyýewa;

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndan öý hojalykçy Maral Gurbanowna Katdyýewa;

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndan öý hojalykçy Zuleýha Soltanowna Janmammedowa;

Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinden öý hojalykçy Akbibi Ataýewna Haýdarowa;

Mary welaýatynyň Serhetabat etrabyndan öý hojalykçy Şasenem Jumamyradowna Akmyradowa;

Mary welaýatynyň Serhetabat etrabyndan öý hojalykçy Aýjemal Hojanazarowna Begjikowa;

Mary welaýatynyň Serhetabat etrabyndan öý hojalykçy Jumagül Çaryýewna Italmazowa;

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň «Garaşsyzlyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Annasoltan Süleýmanowna Babaýewa;

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndan öý hojalykçy Ogulşirin Durdyýewna Hojageldiýewa;

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndan öý hojalykçy Ogulgözel Amanmuhammedowna Meredowa;

Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň tehniki işgäri Ogulsuraý Ataýewna Saryýewa;

Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyndan öý hojalykçy Keýik Bäşimovraa Babaýewa;

Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň «Zähmet» daýhan birleşigi¬niň kärendeçisi Mabibi Aýduowna Pakirowa;

Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň «Täze ýol» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gülnara Daňatargeldiýewna Safar Mohammada;

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň «Gülüstan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Norbibi Joraýewna Aşurowa;

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndan öý hojalykçy Maýa Gulhanowa;

Mary welaýatynyň Garagum etrabyndan öý hojalykçy Alima Seýidowna Allaýarowa;

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň «Yeňiş» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gözel Ýazjumaýewna Hudaýberdiýewa;

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň H. Jumaýew adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Şagözel Muhammetmyradowna Babaýewa;

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndan öý hojalykçy Zöhrejemal Satlykowna Gylyjowa;

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň «Ýaşlyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Aýsapar Allaberdiýewna Penjalyýewa.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2013 ý. mart aýynyň 01-i.

№ PP-6290